AŞGABATDA UKRAIN AKYLDARY WE ŞAHYRY GRIGORIÝ SKOWORODANYŇ HEÝKELI OTURDYLDY

2024-nji ýylyň 17-nji maýynda paýtagtymyzda açylyş dabarasy geçirilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň ýadygärligi bilen bir hatarda dürli ýurtlaryň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň ýadygärlikleri hem oturdyldy. Bu ýadygärlikler Magtymguly Pyragynyň öz öçmez-ýitmez eserlerinde ündän dost-doganlygy, halklaryň hoşniýetli goňşuçylygyny şöhlelendirýän ýörelgeler esasynda olaryň hormatyna oturdylan.

Dürli ýurtlaryň nusgawy şahyrlarynyň heýkelleriniň arasynda Magtymguly bilen bir döwürde ýaşap geçen we döreden XVIII asyryň görnükli ukrain akyldary we şahyry Grigoriý Skoworodanyň ýadygärligi hem bar. Ukrain öwrenijileri bu iki akyldaryň döredijilik işlerinde we pikirlerinde çuň manyly meňzeşlikleriň  bardygyny belleýärler. Iki şahyr hem goşgy düzüş ugurlary boýunça täzeçillikleri girizipdirler. Olaryň her biri, milli medeniýetleriň däp-dessurlaryna salgylanyp, halklarynyň kemala gelmeginde we ösmeginde möhüm orny eýeleýärler.

Ýadygärligiň oturdylmagy iki halkyň dostlugyny alamatlandyryp, ​​türkmen halkynyň ukrain mirasyna hormat goýýandygyny aýdyň görkezýär. Birnäçe ýyl mundan ozal Aşgabatda Taras Şewçenkonyň ýadygärliginiň oturdylandygy we onuň şanyna köçäniň atlandyrylandygy bellärliklidir.