TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ IMPERATORY NARUHITO BILEN DUŞUŞDY

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Tokio şäherinde bolup, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Imperator Naruhito bilen şu ýylyň dowamynda ikinji gezek duşuşýandygyny belläp, bu gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Imperatory dünýä derejesinde geçiren “EXPO — 2025” dünýä sergisiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. 

Taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejede ösýändigine kanagatlanma bildirip, ýokary tehnologiýalar, gaýtadan dikeldilýän energetika, maglumat çözgütleri we durnukly ösüş ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem ekologik howpsuzlyk, “ýaşyl” energetika, suw serişdelerini dolandyrmak we ekologiýa tehnologiýalary boýunça ýapon tejribesine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ylym we bilim, medeniýet, şeýle-de ylmy we akademiki alyş-çalyş işlerini işjeňleşdirmek ugrunda hyzmatdaşlygy giňeltmägägyzyklanma bildirdiler.