GÖRNÜKLI ŞAHYR WE AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNYŇ BELLENILIŞI BARADAKY MAKALA UKRAINANYŇ MEŞHUR ŽURNALYNYŇ SAHYPALARYNDA
2024-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda Ukrainanyň meşhur “Kyiv Diplomatic” žurnalynyň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň milli şahyry, dünýä edebiýatynyň görnükli wekili, türkmen nusgawy edebiýatyny we edebi dilini esaslandyryjy Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy: görnükli türkmen şahyrynyň we akyldarynyň 300 ýyl dönümi” ady bilen giň göwrümli makala çap edildi. Makala Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan taýýarlanyldy.
“Kyiv Diplomatic” žurnaly eýýäm birnäçe wagt bäri ukrain okyjylarynyň arasynda dürli halklaryň medeniýetlerini giňden wagyz edýär, Ukrainada we daşary ýurtlarda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, diplomatik işgärleriň durmuşy hem-de alyp barýan işleri barada gürrüň berip, halkara syýasaty, diplomatiýa, ykdysadyýet, telekeçilik we medeniýet ýaly mowzuklary ýaýbaňlandyrýar.
Žurnal iki dilde – ukrain we iňlis dillerinde çap edilip, onuň esasy okyjylary Ukrainanyň hökümet edaralarynyň wekilleri, diplomatlar, işewür toparlaryň wekilleri we jemgyýetçilik işgärleri bolup durýar.
Žurnalyň elektron görnüşini “Kyiv Diplomatic” žurnalynyň resmi internet sahypasynda görüp bilersiňiz.
Žurnalyň “Medeni diplomatiýa” bölüminde neşir edilen makala Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şahyryň baý edebi mirasy baradaky sözleri bilen başlanýar. Makalada Magtymgulynyň durmuşynyň we döredijilik ýolunyň esasy pursatlary, dünýä medeniýetiniň hazynasyna öwrülen mirasynyň ähliumumy ähmiýeti we halkara derejesinde ykrar edilendigi görkezilýär. Bu ýerde kakasy, şahyr we alym Döwletmammet Azadynyň göreldesiniň oglunyň zehininiň kemala gelmegine, Pyragynyň türkmenleri jebislige, agzybirlige, medeniýetini we bilimini ösdürmäge, hoşniýetli goňşuçylyga we ynsanperwerlige çagyrýan ruhy-ahlak gymmatlyklary we öwüt-nesihatlary hakda gürrüň açylýar. Onuň milli çäklerden çykan ajaýyp pikirleri we öwüt-ündewleri dünýä halklarynyň nesilleriniň ruhy isleglerini kanagatlandyrýar we dürli dillerde okalýar. Magtymgulynyň şygyrýeti täze güýç bilen ýaňlanyp, dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde we halkara ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşniýetli habarçysy bolýar.
Pyragynyň şygryýetiniň tapawutly aýratynlygy, halkyň çeper aňlatma görnüşlerini we döwrüniň ösen pikirleri bilen baýlaşdyrylmagyndadyr, şahyrana diliň sözleýiş diline ýakynlaşdyrylmagyndadyr, halk döredijiliginiň ruhunyň we stilistikasynyň baýlaşdyrylmagyndadyr.
Makalada Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny öwrenmekde, wagyz etmekde we ebedileşdirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (ÝUNESKO) bilen bilelikde ýerine ýetirilen işler beýan edilýär, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde geljekki nesiller üçin taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikler gorap saklamak, hem-de elbetde olary ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak boýunça sanawyna girizilmegi babatynda geçirilýän uzak möhletleýin işler jikme-jik beýan edilýär.
Şeýle hem makalada Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň Türk dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary «Magtymguly Pyragynyň ýyly» we Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilendigi barada maglumatlar beýan edilýär.
Daşary ýurtly alymlar we öwrenijiler tarapyndan Pyragynyň ömrüni we döredijiligini uly gyzyklanma bilen öwrenilýändigine okyjynyň ünsi çekilýär. Olaryň arasynda ilkinjiler we gündogary öwrenijiler Aleksandr Hodzko-Boreýko we Arminius Wamberi dagylar bar.
Makalada ukrain sungat işgärleriniň işine hem aýratyn üns berilýär. XX asyrda Ýaroslaw Şporta, Agata Turçinskaýa, Pawel Tyçina, Leonid Perwomaiskiý, Walentin Byçko, Wladimir Sosýura, Nikolaý Tereşenko, Meçislaw Gasko, Natalýa Zabila, Iwan Poraşko, Petr Doroşlo ýaly meşhur ukrain şahyrlary, ýazyjylary, terjimeçileri Magtymgulynyň goşgularyny terjime etdiler.
Biziň günlerimizide Pyragynyň edebi mirasyny Türkmenistanyň döwlet baýragy – “Magtymguly Pyragy” medaly bilen sylaglanan Pawel Mowçan we Alekseý Kononenko, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Nikolaý Waskiw we T.G.Şewçenko adyndaky Edebiýat institutynyň ylmy işgäri Ýuriý Peleşenko tarapyndan birnäçe ýyllaryň dowamynda öwrenilýär, terjime edilýär hem-de Ukrainada we daşary ýurtlarda ählitaraplaýyn ýaýbaňlandyrylýar.
Makalada Türkmenistanda we onuň daşynda her ýyl 27-nji iýunda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çärelere hem üns çekilýär. Şol gün Ukrainada Kiýew şäheriniň merkezi seýilgähinde oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde we Kiýew şäheriniň Zodçih köçesinde ýerleşýän Magtymguly kitaphanasynda çäreler bilen badalga beriler. Mälim bolşy ýaly, şu ýubileý ýylyň başynda Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi tarapyndan amaly haşam sungat eserleriniň hem-de kitap önümleriniň eksponatlary türkmen akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli onuň adyny göterýän kitaphana berildi.
Meşhur ukrain žurnalyndaky makala jemgyýetçiligi görnükli söz ussady we akyldary Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi bilen tanyşdyrmaga hem-de şahyryň watançylyk, dostluk, parahatçylyk we özara düşünişmek äheňlerine ýugrulan taglymatlaryny wagyz etmäge ýardam etjekdigi bellärliklidir.