img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Noý

GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ANTALÝADA TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitine gatnaşmak üçin Antalýa saparynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem sebit we ählumumy ösüşleri ara alyp maslahatlaşd...

DOWAMY
pic
9 Noý

TÜRKMENISTANDA HASYL TOÝY BELLENILÝÄR

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde türkmen topragynyň sahawatyny, rysgal-berekedini alamatlandyrýan, daýhanlara we ähli oba zähmetkeşlerine goýulýan belent sarpany dabaralandyrýan Hasyl toýy bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda hem bellenilişi ýaly, şu ýylda ýurduň gallaçylary 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýetişdirip, bu ugurdaky bellenilen meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Döwlet Baştutanynyň Karary esasynda Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol ha...

DOWAMY
pic
9 Noý

TÜRKMEN SAMBOÇYLARY DAŞKENTDE GEÇIRILEN DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA DÖRT MEDAL GAZANDYLAR

Türkmen türgenleri Daşkent şäherinde geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji iki gününiň dowamynda iki altyn we iki bürünç medal gazandylar. Baýraklaryň ählisi söweş sambosy boýunça gazanyldy. Erkekleriň arasynda 64 kilograma çenli agram derejesinde Sanjarbek Öwezberdiýew altyn medala mynasyp boldy. 71 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Mümünjan Arzykulyýew dünýä çempiony boldy. Bürünç medallary Ahmet Taňryberdiýew (58 kilograma çenli) we Gurbanbaý Gurbanow (50 kilograma...

DOWAMY
pic
6 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ASTANA ŞÄHERINDE AKABA PROSESIŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILJEK DUŞUŞYGA GATNAŞAR

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Astanada Akaba prosesiň çäklerinde “Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk” meselesine bagyşlanan sammit geçirilýär. Bu sammitiň işine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar. Çärä Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyndan başga-da, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II bin Al-Huseýn, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dagylar gatnaşýarlar. Forumyň işine Azerbaýjand...

DOWAMY
pic
4 Noý

CIET 2026-DA HALKARA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA 15 SANY ÄHTNAMA GOL ÇEKILDI

Aşgabat şäherinde 3-nji noýabrda geçirilen “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi” atly CIET 2026 halkara sergisiniň we maslahatynyň ilkinji gününde hyzmatdaşlyk boýunça 15 sany Ähtnama gol çekildi. Resminamalar degişli ministrlikleriň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Beýik Britaniýanyň, Gazagystanyň, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Slowakiýanyň, Daniýanyň, Koreýa Respublikasynyň we Malaýziýanyň kompaniýalarynyň arasynda baglaşyldy...

DOWAMY
pic
3 Noý

AŞGABATDA GURLUŞYK WE SENAGAT PUDAKLARYNYŇ ÖSÜŞINE BAGYŞLANAN HALKARA SERGI AÇYLDY

Aşgabat şäherinde 3-nji noýabrda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi” atly CIET 2026 halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady. Üç gün dowam etjek çärä gatnaşmak üçin dünýäniň 60 ýurdundan 800-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýaýbaňlandyrylan sergide dürli enjamlar, tehnologiýalar, gurluşyk materiallary we degişli hyzmatlar görkezilýär. Çäräniň iş maksatnamasy gurluşyk, senagat, energetika we himiý...

DOWAMY
pic
2 Noý

SERDAR BERDIMUHAMEDOW HAZARÜSTI ULAG GEÇELGESINIŇ KUWWATYNY ARTDYRMAGYŇ ÄHMIÝETINI NYGTADY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Ankarada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) XIII sammitinde eden çykyşynda Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmagyň ähmiýetini we bu ugurda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. Döwlet Baştutany sammite gatnaşmaga çakylygy we türkmen wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik üçin Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň...

DOWAMY