TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «MERKEZI AZIÝA – GERMANIÝA» FORMATYNDAKY ÝOKARY DEREJELI DUŞUŞYGA GATNAŞDY
2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Astana şäherinde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinden Prezident Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýerine – «Garaşsyzlyk» köşgüne tarap ugrady.
Köşgüň eýwanynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli mübärekledi.
«Merkezi Aziýa – Germaniýa» duşuşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýetleriň Baştutanlary mejlisler zalyna çagyryldy.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň işine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, sebit kooperasiýasyna gatnaşýandygy we goldawy üçin hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki dialogyň yzygiderli, ynanyşmak häsiýetine Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýanyň sebitleýin strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýändikleri hökmünde baha berilýär.
Soňra Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolsa we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna söz berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda Gazagystanyň Prezidentine myhmansöýerlik we işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleri bilen Germaniýanyň gatnaşyklarynyň barşyny we many-mazmunyny häsiýetlendirip, olaryň, aýratyn-da, soňky ýyllarda yzygiderli, netijeli häsiýete eýedigini belläp, hyzmatdaşlygyň tejribesiniň we däpleriniň toplanandygyny, esasan-da, işewürlik ugry boýunça özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny, birnäçe ugurlar boýunça hökümetara gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň gazanylmagyny we üpjün edilmegini bilelikdäki işiň möhüm wezipeleri hasaplaýar.
Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasyndaky has ýakyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler diýip hasaplaýarys diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Şeýle hem ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň Merkezi Aziýany parahat, asuda, ykdysady taýdan özüne çekiji sebit, durnuklylygyň we açyklygyň giňişligi hökmünde görmek baradaky meýilleriniň umumylygyndan ugur alyp, tagallalary dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy arkaly birleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň möhüm meseleleriniň biri bolan Owganystandaky ýagdaýa degip geçmek bilen, Türkmenistanyň bu ýurtdaky ýagdaýa berýän bahasynyň häzirki wagtda owgan halkynyň agyr we köpýyllyk döwri ýeňip geçmek hem-de ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň döwlet institutlaryny dikeltmek, sebitde parahatçylygy, ylalaşyklylygy, bitewüligi gazanmak we berkarar etmek boýunça umumymilli işe geçmek üçin anyk mümkinçiliginiň peýda bolandygyna esaslanýandygyny aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny belledi hem-de ulag-logistikany, kommunikasiýany, energetikany, senagat önümçiligini, himiýa senagatyny, maşyngurluşygy, saglygy goraýşy we derman senagatyny, obasenagat toplumyny, innowasion tehnologiýalar ulgamyndaky işläp taýýarlamalary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Bellenilişi ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen gatnaşyklarda ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler aýratyn orun eýeleýär. Bu babatda Türkmenistan Germaniýanyň sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyna ýokary baha berýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylda Berlinde ýokary derejede geçirilen «Ýaşyl Merkezi Aziýa» atly maslahatyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar hemişe döwletara hyzmatdaşlyga oňyn täsir edipdir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.
Çykyşynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidentine şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýetilen derejesine ýokary baha berip, umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn formatynyň örän zerurdygyny aýratyn nygtadylar.