«ÝAŞYL» YKDYSADYÝET WE SANLY ÖZGERTMELERIŇ MESELELERI BILEN BAGLY TEGELEK STOL BOÝUNÇA KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durnukly ösüş maksady bilen “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmäge we Türkmenistanda sanly özgertmelere bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 17-19-njy aprelinde Ženewada geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ECE) 70-nji mejlisiniň we BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň (SPECA) ministrler duşuşygynyň işine gatnaşmagynyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokardaky çäreleriň dowamynda seredilip geçilen meseleleriň ýerliklidigini belläp, tegelek stola gatnaşyjylar durnukly ösüş üçin sanly we “ýaşyl” özgertmeleriň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. Döwrebap tehnologiýalaryň ykdysady ösüş, jemgyýetçilik hyzmatlaryny dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini, şeýle hem tebigy baýlyklaryň dolandyrylmagyny kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellendi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda “ýaşyl” ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylmagynyň we daşky gurşaw pudagynda innowasion çözgütleriň işlenip düzülmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny nygtady. Bu möhüm ugurlaryň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryny, hususan-da howa boýunça maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly ýurduň milli maksatnamalarynyň we halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu nukdaýnazardan, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek ugrunda häzirki zaman meseleleri, şol sanda durnukly energetika geçişi we pes uglerodly çözgütleri girizmegi, şeýle hem howanyň üýtgemegine, biodürlüligiň ýitmegine garşy göreşmek we daşky gurşawa ýetirilýän täsiri azaltmak üçin “ýaşyl” özgertmeleriň zerurdygy nygtalýar.

Duşuşykda bellenip geçilişi ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň mejlisine gatnaşmagyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti bu ugurlar boýunça ýurduň giň gerimli we yzygiderli alyp barýan işlerini belläp geçdi, şeýle hem Türkmenistanyň sanlylaşdyrma we ýaşyl tehnologiýalar babatynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi. Gatnaşanlara Türkmenistanyň parnik gazlarynyň, hususan-da metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ugrunda alyp barýan anyk amaly ädimleri, wodorod energiýasyny ösdürmekde halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada maglumat berildi.

Çykyşlaryň dowamynda Arkadag şäheriniň — Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäheriň sanly özgertmeleriň we "ýaşyl" tehnologiýalary ulanmagyň üstünlikli mysaly bolup biljekdigi bellenildi. Şäher "akylly şäher" konsepsiýasyny we gurluşyk materiallaryny öndürmekden başlap desgalaryň işe girizilmegine çenli döwürde daşky gurşawa zyýanly täsirleri ýetirmezligini üpjün etmek boýunça çemeleşmeleri durmuşa geçirdi.

Tegelek stola gatnaşyjylar, Türkmenistanyň ählumumy gün tertibindäki ähli möhüm meseleler boýunça, ilkinji nobatda netijeli sanly we “ýaşyl” çözgütleri öňe sürmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga konstruktiw we işjeň gatnaşmaga taýýardygy barada umumy pikiri beýan etdiler.