TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY ESASYNDA BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY TARAPYNDAN «MERKEZI AZIÝA – PARAHATÇYLYK, YNANYŞMAK WE HYZMATDAŞLYK ZOLAGY» ATLY KARARNAMA KABUL EDILDI

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň taslamasyna garaldy.

Kararnamany hödürlän Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda öňe sürlen taslamany goldandyklary üçin BMG-niň agza döwletlerine minnetdarlygyny bildirdi we 2022-nji ýylda Baş Assambleýanyň aýratyn Kararnamasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň territoriýasynyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilmeginiň hem-de berkidilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Merkezi Aziýada parahatçylyk zolagynyň emele gelmeginiň sebitiň ýurtlary tarapyndan döredilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň institusional we hukuk binýadynyň netijesinde mümkin bolandygy aýratyn bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda sebitiň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli konsultatiw duşuşyklarynyň geçirilmegi ýaly hyzmatdaşlygyň ähli möhüm ugurlarynda sebitleýin dialogy ilerletmek üçin platforma döretmegiň ähmiýeti nygtaldy. Möhüm ähmiýetli taryhy wakalaryň hatarynda 2006-njy ýylda Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat sebiti döretmek barada Şertnamasyna gol çekilmegi, şeýle hem 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi görkezildi.

Kararnamada ýaýratmazlygyň we ýaragsyzlanmagyň ählumumy arhitekturasyny berkitmekde, öňüni alyş diplomatiýasynyň we parahatçylyk döredijiligiň gurallaryny ilerletmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ähmiýeti nygtalýar.

Rezolýusiýanyň 37 döwletiň awtordaşlygy esasynda biragyzdan kabul edilendigini bellemek zerurdyr.