TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASYNDA UKRAINANYŇ “BILIM” JEMGYÝETINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA
2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Ukrainanyň “Bilim” jemgyýetiniň wekilleri Andreý Gorçakow, Katerina Krawçuk we Olga Krawçuk dagylar bilen duşuşyk geçirildi.
Ukrainanyň “Bilim” jemgyýeti 1948-nji ýylda esaslandyrylyp, bu jemgyýet Ukrainada ylmy, bilimi we medeniýeti ýaýbaňlandyrmak boýunça özüniň köp ýyllyk tejribesi bilen iň uly jemgyýetçilik guramasy bolup durýar.
A.Gorçakow jemgyýetiň düzüminde hususy uniwersitetiň hereket edýandigini, onda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda dürli ugurlar boýunça okuw sapaklarynyň berilýändigini, hem-de onuň ýokary bilim hakyndaky diplomynyň dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan ykrar edilýanidigini belledi. Şeýle hem türkmen talyplary tarapyndan gyzyklanma bolan ýagdaýynda, olary talyplygyň hataryna kabul etmäge taýýardygyny yglan etdi.
Medeni ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi we Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen dürli derejedäki çäreleri guramaga, sergileri we medeni hepdelikleri geçirmäge taýýardygyny yglan etdi.
Ilçi T.Ataýew öz gezeginde ylym, bilim we medeniýet ugurlary Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydygy aýdyp, bu ugurlarda Ilçihana tarapyndan alnyp barylýan işler barada maglumatlary ýetirdi. Has takygy, Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň Ukrainada we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden bellenilýändigi aýdyldy. Bularyň çäklerinde Türki medeniýetiniň halkara guramasy – TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigini we 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygy bellenildi.