Kiýew şäherindäki Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän kitaphanada Akyldar şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen medeni-şahyrana çäreler barada

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

04.03.2024 senede Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy we Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanasy bilen bilelikde tanymal türkmen şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatyny we türkmen edebi dilini esaslandyryjy, Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyna bagyşlanyp bu kitaphanada medeni we şahyrana çäreler geçirildi.

1969-njy ýylda döredilen Magtymguly kitaphanasy köp ýyllaryň dowamynda Akyldar Pyragynyň eserlerinde dostluga, agzybirlige, ynsanperwerlige, milli däp-dessurlara we ruhy gymmatlyklara ýugrulan hormat goýulýan ýerdir.

Şu günki çäräniň Türkmenistanyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şahyryň ýubileý ýyly bilen bagly medeni-şahyrana çäresidigi aýdyldy. Duşuşygyň esasy temalarynyň biri Kiýewdäki Magtymguly kitaphanasynyň muzeýine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bezeg we amaly sungat eserleriniň hem-de kitap önümleriniň eksponatlarynyň gaznasyna geçirmekden, şonuň netijesinde muzeýiň medeni gymmatlyklar bilen has-da baýlaşdyrylandygyny görkezmekden abyrat boldy. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän intellektual mirasy we ruhy gymmatlyklary şu güne çenli saklanyp, nesilden-nesle geçip gelýär.

Kitaphanada Magtymguly Pyragynyň şahsyýetini we döredijiligini öwrenilmegine goşant goşan meşhur şahyrlar we proza ýazyjylary, terjimeçiler we alymlar tarapyndan döredilen döredijilik intellektuallary ýygnandy. Şolaryň arasynda: Pyragynyň goşgularyny ukrain diline terjime edenler Pawel Mowçanyň we Alekseý Kononenkonyň, şahyryň döredijilik mirasyny öwrenijiler Nikolaý Waskiwiň we Ýuriý Peleşenkonyň, kitap neşirçisi Wiktor Zelenskiýniň işleri hem bellärliklidir.

Çärä Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrap häkimliginiň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Ilçileri we diplomatlar, Ukrainanyň Medeniýet we maglumat syýasaty ministrliginiň wekilleri, Ukrainanyň Söwda-senagat palatasy, milli kitaphanalaryň ýolbaşçylary, direktorlar, bilim, aýdym-saz we ýokary okuw jaýlaryň wekilleri, žurnalistler we ş.m. gatnaşdy.

Çäräniň programmasy diýseň täsirli boldy. Kiýew şäheriniň W.Çernowol adyndaky 235 belgili umumy orta bilim mekdebiniň we şäheriň 8-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary we mugallymlary, şeýle-de, şäheriň 22-nji we 29-njy çagalar aýdym-saz mekdepleriniň mugallymlary, wokal we instrumental ansambllary gatnaşdy. Olar türkmen nusgawy şahyrlary Magtymgulynyň, Mollanapesiň sözlerine türkmen hem-de ukrain halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Olardan “Toý Aýdymy”, “Janym”, “Men bölünmerin”, “Bir gözeliň gözleri”, “Dessine tanamarys”, “Gözeller” we “Çeremşina” şygyr sözlerine wokal kompozisiýalaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle-de, türkmen we ukrain dillerinde “Gürgeniň täze şemaly” we “Türkmeniň” goşgulary çeper okadylar.

Türkmen talyplary milli dutar saz guralynda “Käkilik” we “Aňsa” sazlaryny, gitarada Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Bady sabany görsem” we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine “Bagtyň nury” kompozisiýalaryny ýerine ýetirmek bilen myhmanlary begendirdiler. Şeýle hem, talyplar Magtymguly Pyragynyň türkmen dilinde “Bu derdi” we “Atça bolmaz” şygyrlaryny şahyrana çeper okadylar.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Ataýew, Kiýew şäheriniň Sýowoşinskiý etrap häkimliginiň Kiýewdäki ýolbaşçylary, şahyrlar, terjimeçiler we ähli çykyş edenler Magtymgulynyň eserleriniň dünýä medeniýeti we edebiýaty üçin goşan goşandynyň, şahyryň zehininiň özboluşlylygynyň görkezip, dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp abraýa eýedigini bellediler. Pyragynyň şu güne çenli döreden eserleri ruhy paýhasyň çeşmesi we ýaş nesli terbiýelemek üçin esas bolup durýar.

Alymlar Pyragynyň filosofiýasynyň häzirki zaman dünýäsindäki ähmiýeti barada öz pikirleri bilen paýlaşdylar. P.Peleşenko Türkmenistanyň we Ukrainanyň filosoflary Magtymguly Pyragy bilen bir wagtyň özünde ýaşap, bahasyna ýetip bolmajak döredijilik mirasy we paýhasy bilen yz galdyran Grigoriý Skoworodanyň arasyndaky köp meňzeşlikleriň bardygy belledi. Şahyr Alekseý Kononenko Magtymguly hakda iň gowy görýän setirlerini Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şygyryny ukrain diline terjime edip, çeper okady.

Kiýewdäki Swýatoşinskiý etrap häkimliginiň we administrasiýanyň medeni bölüminiň ýolbaşçylygy, Magtymguly kitaphanasynyň müdiri we işgärleri Beýik şahyr Magtymguly Pyraga degişli we beýleki sowgat edilen kitaphanalar, Türkmenistanyň bezeg we amaly sungat eserleri hem-de gymmatlyklar üçin Türkmen tarapyna çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

Çärä gatnaşyjylar Pyraganyň şu güne çenli döreden eserleri, ruhy paýhas çeşmeleri ýaş nesli terbiýelemek üçin esas bolup durýandygy barada öz pikirlerinde biragyzdan beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda kitaphananyň içinde türkmenleriň taryhy, binagärligi we medeniýeti, türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň baýlygy we däp-dessurlary baradaky surat sergisiniň açyljakdygy habar berildi. Sergi şu ýylyň 15-nji martyna çenli dowam eder. Magtymguly muzeýine gezelenç medeni we şahyrana çäräniň soňky bölegini öz içine aldy. Muzeýiň ekspozisiýasy adatça birnäçe bölüme bölünýär: Magtymguly Pyraga, Türkmenistanyň ösüşi we türkmen-ukrain gatnaşyklaryna hem-de türkmen halkynyň medeni mirasyna bagyşlanýar. Bu çäräniň myhmanlary ilkinji bolup muzeýe sowgat edilen täze özboluşly eksponatlary we kitaplary, şol sanda dürli halk senetçilik önümleri, türkmen zenanlarynyň elde dokalan nepis halylary, milli zenan şaý-sepleri, türkmen milli lybaslary, başatgyçlary, hem-de dutar, gyjak, gopuz, gamyş turbasy milli saz gurallary synladylar.

Magtymguly Pyragynyň suratlary kanwada we heýkeltaraşlykda görkezilýär. Muzeýiň dokumental gaznasy Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, şeýle hem Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, binagärçiligi baradaky neşirler bilen dolduryldy. Görnükli şahyr Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak şahyrana mirasy we ukrain şahyry, Kobzar Taras Şewçenkonyň türkmen dilindäki goşgular ýygyndysy muzeý üçin gymmatly eserler hazynasy boldy.