Türkmenistan we ÝB hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler

photo

6-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatdaky Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň netijeleri barada pikir alşyldy.

Duşuşykda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara foruma görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, taraplar «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň ÝB-niň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmäge ygrarlydygyny bellediler.