TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ GÖRNÜKLI AKYLDARY MAGTYMGULYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MAKALA "MAGARYF SÖZI" («СЛОВО ПРОСВІТИ») BÜTINUKRAIN MEDENI GAZETINIŇ SAHYPALARYNDA

Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy, hem-de onuň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýini Ukrainada nähili bellenilişi barada Kiýew şäheriniň 8-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy, kompozitor Tatýana Dymanyň makalasy çapdan çykdy.

Türkmen edebiýatynyň beýik şahyrynyň ýubileý ýylynda kompozitoryň "Goý ýürek arzuwy gözlesin" atly makalasy 2024-nji ýylyň 28-nji martynda Bütinukrain medeni hepdelik "Magaryf sözi" gazetiniň sahypalarynda çap edildi. Gazetiň baş redaktory Magtymgulynyň goşgularynyň ukrain diline terjimeleriniň awtory Ukrainanyň hormatly medeniýet işgäri, meşhur şahyr we ýazyjy Pawel Mowçan bolup durýar.  

Makalanyň awtory geljekki şahyryň ýaşlygyndaky durmuş ýoly, zehinli ýigidiň ukyplary we hünärleri, bilime teşneligi, Magtymgulynyň uzak ýyllap okuw we dünýäni gezmegi, zehinli kakasy – meşhur şahyr Döwletmammet Azady barada gürrüň berýär. Makalada Magtymgulynyň eserleriniň Watançylyk we liriki esaslaryna, onuň ene dilindäki söz ussatlygynyň aýratynlyklaryna aýratyn üns çekilýär.

Şeýle hem makalada Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi barada hem aýdylýar.

Awtor özüniň gatnaşan şu ýylyň mart aýynda Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady bilen geçirilen medeni we şahyrana çäre barada täsirleri bilen hem paýlaşýar. Bu çäräniň dowamynda Pyragynyň şahyrana mirasynyň dünýä jemgyýetçiligindäki ähmiýeti barada bilermenleriniň pikirleri, onuň Taras Şewçenkonyň döredijiliginde we Grigory Skoworodanyň filosofiýasynda bar bolan gumanizm we erkinlik pikirleri bilen meňzeşlikler we umumylyklar bellenilýär. Ukrain şahyrlary, ýazyjylary, alymlary we terjimeçileri Pawel Mowçanyň, Alekseý Kononenkonyň, Ýuriý Peleşenkonyň Magtymgulynyň Ukrainada beýik şahyryň şahyrana mirasyny wagyz etmekde gazanan üstünlikleri bellenilýär. Bu ugurda şu ýyl özüniň 55 ýyllygyny belleýän Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanasynyň hem ähmiýeti barada aýdylýar.

Çäräniň dowamynda Magtymgulynyň döredijiligini Ukiran jemgyýetçiligine düşünikli we ýakyn bolar ýaly aýdym-saz we goşgylary çeper okalyşy guralyp, dürli žanrlarda çykyşlar edildi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarynyň arasynda kompozitor Tatýana Dymanyň aýdymçy Natalýa Maksymçuk bilen bilelikde ýerine ýetiren Alekseý Kononenkonyň terjime eden Magtymgulynyň sözlerine özboluşly aýdymy ýerine ýetirildi.