GÖRNÜKLI TÜRKMEN ŞAHYRY WE AKYLDARY MAGTYMGULY PYRAGY HEM-DE ONUŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY BÜTINUKRAIN MEDENI HEPDELIK GAZETI BOLAN “MAGARYF SÖZI” GAZETINIŇ SAHYPLARYNDA

img
img
img
img

Türkmeniň görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýubileý ýylyna bagyşlanan we şol bir at bilen çap edilen makala “Magaryf sözi” Bütinukrain medeni hepdelik gazetiniň 2024-nji ýylyň 11-nji aprelindäki nobatdaky sanynda neşir edildi. Bu gazetiň Baş redaktory Ukrainanyň görnükli sungat işgäri, tanymal şahyr, ýazyjy, Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ukrain diline terjime eden, Türkmenistanyň döwlet baýragy – “Magtymguly Pyragy” medaly bilen sylaglanan Pawel Mowçan bolup durýar. Bu makalada hünärmenler Magtymgulynyň Pawel Mowçan tarapyndan terjime edilen goşgulary olaryň asyl nusgasynyň takyk terjimesi hökmünde baha berilýändigi bellenilýär.

Makalanyň awtory - mugallym, edebiýatşynas, pedagogika ylymlarynyň kandidaty, dosent, Ukrainanyň Milli žurnalistler birleşiginiň agzasy Nina Golowçenko makalada Magtymgulynyň ömrüni, Ukraindan onuň döredijilik mirasyny öwrenijiler we olaryň terjimeleri, Ukrainanyň paýtagtyndaky Magtymguly adyndaky kitaphananyň taryhy we häzirki wagtda alyp barýan işleri, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem bellenilýän ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna goşulan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň Kiýewde nähili bellenilýändigi barada birnäçe mowzuklaryň üstünde durup geçýär.

Ýazyjy Magtymgulynyň ömri we döredijiligi, kakasy – meşhur şahyr Döwletmammet Azady, okuwa bolan hyjuwy, dürli senetçilik bilen meşgullanandygy hakda gürrüň berýär. Ýöne şahyryň esasy hünäri şygyrýet bolupdyr. Şahyryň döredijilik mirasy 800-den gowrak eseri we birnäçe goşgy-dessanlary öz içine alýar. Ýazyjy edebiýatşynaslar we taryhçylar tarapyndan ulanylýan we şu güne çenli saklanyp galan 100-den gowrak depderçe eserleriniň bardygyny ýazýar. Pyragynyň döredijiligini daşary ýurt öwrenijileri, olaryň Magtymgulynyň goşgularynyň gymmatlygy baradaky tymsallaryny şeýle beýän edýär – türkmen, türki diller we dünýä şygyryýetiniň hazynasy.

Türkmenleriň şahyrana dilini sözleýiş diline has ýakynlaşdyrmagy başaran Magtymguly, aslynda türkmen diliniň häzirki zaman edebi kadasynyň düýbüni tutujy bolup, awtor alymlaryň sözlerine salgylanyp belleýşi ýaly, esaslandyryjysy I.Kotlyarewskiý bolan ukrain dilinden ýarym asyr öň emele gelendigini ýazýar.

Makalanyň awtory türkmen dilini bilýän Agatangel Krymskiý tarapyndan başy başlanan Ukrainada Magtymgulynyň döredijiliginiň terjimesiniň taryhyny öwrenmäge berk çemeleşipdir. Makalada Magtymguly Pyragynyň, Taras Şewçenkonyň, Grigoriýa Skoworodanyň döredijilik dünýäsiniň meňzeşligi, şahyryň keşbini emele getiren Ş.Şportanyň, Agata Turçinskaýanyň, Pawel Tyçynanyň, Leonid Perwomaýskiniň eserleri barada gürrüň edilýär.

Şeýle hem W.Mysik, M.Tereşenko, W.Biçko, N.Zabuly, W.Sosýury we beýleki şahyr-terjimeçileriň gatnaşmagynda 1962-nji ýylda çapdan çykan Magtymgulynyň
46 şygyrynyň terjimesiniň ilkinji ýygyndysy barada hem bellenilip geçilýär. Bu ýygyndyyň girişinde L.Ponomarenko tarapyndan Ukrainada ilkinji gezek türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň terjimehaly, ömri we döredijilik mirasy yzygiderli suratlandyrylýar.

Pyragynyň eserlerini Ukrainada halk köpçüligine ýaýratmakda we meşhurlamakda köp işler tanymal şahyr we ýazyjy, döwürdeşimiz Pawel Mihaýlowiç Mowçana degişlidir. 1983-nji ýylda onuň terjime etmeginde Magtymgulynyň goşgularynyň 117 aýdymy we 2013-2014-nji ýyllarda “Magtymguly. Şygyrlary” ady bilen ýygyndysy çapdan çykdy. Kitabyň sözbaşyda P.Mowçan Magtymgulynyň döredijilik mirasyny düýpli häsiýetlendirýär, çeper döredijiliginiň ýönekeýligi we ýeňilligi, aýdymlaryň däp-dessurlar we bilim taýdan mazmuny, türkmeniň beýik şahyrynyň tematiki we filosofiki taýdan gözýetimini giňelden döredijilik hakda hem bellenilýär. P.Mowçan Magtymgulynyň döredijiliginiň agdyklyk edýän mowzugy hökmünde söýgini ruhy arzuwyň nyşany hökmünde hasap edýär.

A.Kondratýuk we Ýu.Peleşenko öz döwründe filosoflar Magtymguly bilen G.Skoworodanyň eserleriniň mazmun, keşp, millilik we ruhy taýdan meňzeşliginiň gelip çykyşyny seljeripdirler.

Awtor Alekseý Kononenkonyň 2014-nji ýylda çapdan çykan we ýan kitaba öwrülen “Beýik halkyň beýik şahyry” atly eseriniň özboluşly hrestomatiýa bolup, Pyragynyň döredijiliginiň taryhy we edebi taýdan suratlandyrýan eserdigi, şeýle hem özüniň terjime etmeginde şahyryň 38 goşgysy barada ýazýar.

2019-njy ýylda Magtymgulynyň eserleriniň ukrain dilindäki terjimeler ýygyndysy professor Nikolaý Waskiw tarapyndan ýygnalyp, “Magtymguly Pyragy. Hemme zada seret, hemme zada düşün...” ady bilen neşir edildi we bu kitapda dürli öwrenjiler tarapyndan terjime edilen Pyragynyň goşgularynyň deňeşdirme derňewi hödürlenýär. Şol ýylda “Magtymguly Pyragy: edebi portert” atly kitabynda şahyryň ömri we döredijiligi, döredijilik mirasy barada maglumatlary toplady.

Makalanyň awtory şahyryň doglan gününiň 290 ýyllyk ýubileýiniň Ukrainanyň dürli şäherlerinde nähili bellenilendigi barada hem gürrüň berýär. Iki medeniýetiň birleşýän ýerlerini, türkmen we ukrain taryhynda bolup geçen ajaýyp şahsyýetleriniň hormatlanýandygyny suratlandyrýar. Olaryň arasynda Kiýewdäki Magtymguly Pyragynyň we Aşgabatdaky Taras Şewçenkonyň ýadygärlikleri, hem-de 1972-nji ýyldan bäri Magtymgulynyň adyny göterýän Kiýew şäherindäki kitaphanasy agzalyp geçilýär. Kitaphananyň çäginde Magtymguly muzeýi hem ýerleşýär. Bu ýyl Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan bu muzeýiň eksponatlarynyň üsti Türkmenistanyň milli we amaly-haşam sungat eserler, kitaplar we dürli gymmatlyklar bilen dolduryldy. Ýubileý ýylynyň başlanmagy bilen, Türkmenistanyň Ilçihanasy we Magtymguly adyndaky kitaphana bilen bilelikde Türkmenistanda “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçýän ýylynda görnükli türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni, aň-bilim we şahyrana çäreleri we birnäçe duşuşyklar geçirdi.