UKRAINANYŇ ÇAGALAR MILLI KITAPHANASYNDA TÜRKMEN ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÇAPDAN ÇYKAN TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Ýakynda görnükli türkmen şahyrynyň “Magtymguly Pyragy. Ylham” atly goşgular terjimeleriniň doly ýygyndysy neşir edildi. Bu kitap “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçýän türkmen nusgawy şahyrynyň 300 ýyllygynyň dabaraly belleniýän ýylynda ajaýyp sowgatlaryň biri boldy.

Ynha şu gün, 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Kiýew şäherindäki Çagalar Milli kitaphanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy bilen Milli kitaphananyň bilelikde guramaklarynda okyjylar üçin bu edebiýat we çeper neşiriň resmi tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çärä Ukrainada akkreditirlenen daşary ýurt Ilçihanalarynyň Ilçileri we diplomatik işgärleri, şahyrlar, ýazyjylar, terjimeçiler we edebiýatçylar, Ukrainanyň Söwda-senagat palatasynyň, Kiýew şäheriniň etrap häkimlikleriniň wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň, şol sanda türkişynaslar, Ukrainanyň dürli şäherlerinden kitaphanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň wekilleri, türkmen ýaşlary we talyplar gatnaşdylar.

Däp bolşy ýaly, kitabyň tanyşdyrylyş dabarsy press-konferensiýa bilen başlady. Bu çärä ony gurnaýjylar, kitabyň nesir işinde gatnaşyjylar, awtorlar, alymlar we mugallymlar, şeýle hem Ukrainanyň dürli künjeklerindäki kitaphanalaryň ýolbaşçylary we olaryň käbirleriniň wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşyp, olaryň çykyşlary diňlenildi.

Press-konferensiýa gatnaşyjylar Magtymgulynyň edebi mirasyny çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmekde, Magtymgulynyň ukrain dilinde goşgy ýygyndylarynyň täze kitabynyň ähmiýeti, onuň döredijiligini öwrenijiler we çuň many-mazmuna eýe bolan şahyrana şygyrlaryny söýüjiler üçin uly ähmiýetini bellediler. Täze neşiriň diňe Magtymgulynyň XX-nji asyryň meşhur ukrain ýazyjylary, şahyrlary, terjimeçileri tarapyndan terjime edilen goşgularynyň bahasyna ýetip bolmajak eserleri bilen däl-de, eýsem giriş sözbaşydaky şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan gyzykly maglumatlaryň, Ukrainadaky we daşary ýurtlarda onuň döredilijigini öwrenijileriň, Pyragynyň şahyrana žanrynyň umumy aýratynlyklary baradaky maglumatlaryň üsti bilen meşhur boljakdygy bellenildi.

Çäräniň esasy bölegi Çagalar Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Ataýewiň we Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphanasynyň müdiri Alla Gordiýenkonyň çykyşlary diňlenildi.

Türkmenistanyň Ilçisi kitabyň awtory – Magtymgulynyň ömrüni we döredijiligini öwreniji, professor Nikolaý Waskiw, Magtymgulynyň goşgularynyň häzirki zaman terjimeçileri P.Mowçan we A.Kononenko, kitabyň neşirçisi W.Zelenskiý dagylara "Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýubileý ýylynda doly goşgular ýygyndysyny neşir etmekde bitiren hyzmatlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Kitap barada aýdylanda, awtoryň şahyryň we onuň döredijiliginiň türkmen halkynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyndaky orny, ruhy we ahlak gymmatlyklar, ýaş nesil üçin ahlaklylygyň, watançylygyň, gaýduwsyzlygyň we adalatlylygyň mynasyp nusgasyna öwrülen, ​​halkymyzyň milliligine düşünmegine we güýçlenmegine täsir etmegini dowam etdirýändigi barada bellenildi.

Ilçi T.Ataýew, Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň bellenilmegini ÝUNESKO we TÜRKSOÝ halkara guramalary tarapyndan bu möhüm senäniň ykrar edilendigine aýratyn üns çekdi

Çykyşyny dowam edip, Magtymguly Pyragy ýadygärliginiň we Aşgabatdaky “Magtymguly Pyragy” täze medeni we seýilgäh toplumynyň açylmagy, hem-de bu toplumyň çägindäki dürli ýurtlardan meşhur nusgawy şahyrlary we akyldarlary bilen bir hatarda, görnükli ukrain akyldary we şahyry Grigoriý Skoworodanyň heýkeliniň oturdylandygy barada çärä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi.

Ilçi T.Ataýew medeni we seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eden çykyşyndaky sözlerine salgylanyp, Magtymgulynyň döredijiligi we onuň ýaş nesle edýän täsiri, bu geçirilýan çäreleriň ählisiniň türkmeniň beýik ogluna ähliumumy söýgini we hormaty, üç asyr bäri onuň köp ýurtlarda tanalýan we gadyrlanylýandygy barada aýtdy.

Türkmenistanyň Ilçisi dabaraly ýagdaýda şahyryň 300 ýyllygy mynasybetli täze neşiriň nusgalaryny Ukrainanyň kitaphanalarynyň fondlaryna gowşurdy

Şeýle hem, T.Ataýew gatnaşyjylary Türkmenistanyň taryhy, binagärçiligi, medeniýeti, türkmen halkynyň däp-dessurlary we milli türkmen eşikleriniň sergisi hökmünde gurnalan suratlaryň sergisi bilen tanyşmaga çagyrdy. Gatnaşyjylara bu ýerde guralan kitap önümleriniň sergisi hem görkezildi. Esasy üns şahyr Magtymgulynyň ömri we döredijiligi hakda we goşgulary ýygyndylarynyň dürli dillerdäki köp sanly neşirlere çekildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly täze kitaby we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain diline terjime edilen köp sanly eseri sergide görkezildi.

Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphanasynyň müdiri Alla Gordiýenko öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň beýikdigine we häzirki zaman jemgyýetiniň ruhy binýadyna öwrülen pikirleriniň we pelsepewi garaýyşlarynyň häzirki günlerde hem zerurdygyny belledi. A.Gordiýenko türkmen şahyrynyň eserlerini kitaphanalarda ýaýbaňlandyrmagyň, onuň edebi mirasyndan ylham almagyň möhümdigini aýdyp, çagalaryň we ulularyň hoşniýetlilik we paýhas bilen täze kitap okamagy maslahat berdi.

Türkmenistanyň Ilçisi we Milli kitaphananyň müdiri Magtymgulynyň “Türkmeniň” atly goşgusyny türkmen we ukrain dillerinde labyzly okady.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp çap edilen bu kitabyň awtory we ýygnaýjlary N.Waskiw, Pyragynyň goşgularyny ukrain diline terjime edenleriň biri A.Kononenko täze eseriň döredilişi we ondaky goşgular barada sahnadan çykyş etdiler.

Möhüm wakanyň hormatyna kitaphana tarapyndan taýýarlanan Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, şeýle hem Türkmenistan barada wideo rolik görkezildi.

Türkmen ýaşlarynyň milli saz gurallaryny türkmen sazlaryny çalmaklary, Kiýew şäheriniň sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň wokal we saz gurallarynda ukrain öwüşgünde aýdymlary ýerine ýetirmekleri myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Suratlaryň, kitaplaryň we milli eşikleriň sergisine gatnaşanlar türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň baýlygy, ýurtda amala aşyrylan uly özgerişleriň depgini bilen içgin tanyşdylar, şeýle hem türkmen aşhanasynyň tagamlaryny dadyp gördüler.

Diplomatlar, medeni we bilim işgärleri we çärä gatnaşyjylaryň ählisi “Magtymguly Pyragy. Ylham” atly täze neşiriniň XVIII asyryň görnükli türkmen şahyrynyň döredijiligine has gowy düşünmäge we baha bermäge mümkinçilik berjekdigi we Magtymgulynyň sözüniň Ukrainada ýaýradylmagyna goşant goşjakdygy barada biragyzdan bellediler.