GÖRNÜKLI TÜRKMEN ŞAHYRY WE AKYLDARY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNYŇ DÜNÝÄ ÝÜZÜNDE BELLENILIŞI - «UKRAINE BUSINESS REVIEW» GAZETINIŇ NOBATDAKY SANYNDA

img
img
img
img

Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dowam etdirilýar. Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramçylygynyň öňüsyrasynda bu mowzuga bagyşlanan makala Ukrainanyň maliýe-ykdysady hepdelik gazeti – «Ukraine Business Review» gazetiniň nobatdaky sanynda ýerleşdirildi.

Bu makalanyň üsti bilen, Türkmenistanyň Magtymgulynyň edebi mirasyny ebedileşdirmek ugrundaky tagallalaryna dünýä jemgyýetçiliginiň goldawy we soňky günlerde şahyryň hormatyna geçirilýän çäreler barada neşiriň okajylarynyň – bank we ätiýaçlandyryş guramalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň, neşiriň işewür hyzmatdaşlarynyň ünsi çekilýär.

Bu babatda, biziň ýurdumyzyň işjeň agzasy bolan ÝUNESKO we TÜRKSOY halkara guramalarynyň tagallalary aýdylyp geçilýär. Hususan-da, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýä hakydasy” halkara sanawyna goşulandygy, Magtymguly Pyragynyň ýyl dönüminiň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilendigi, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly, hem-de Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilendigi barada bellenilýär. Bu möhüm wakalar sebäpli TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan eýýäm birnäçe halkara çäreleriniň geçirilendigi beýän edilýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde geçirilen çäre, şeýle hem «Magtymguly Pyragy we Änew» mowzugy boýunça surat sergisiniň açylyş dabarasy, hem-de TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Baş sekretariatynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny bellemek bolar.

Şeýle hem, makalada türkmen halkynyň we dostlukly ýurtlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka – şu ýylyň 17-nji maýynda Aşgabadyň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we "Magtymguly Pyragy" medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy barada aýdylýar. Bu medeni seýilgäh toplumynyň çäginde oturdylan dürli ýurtlaryň wekilleri bolan görnükli nusgawy şahyrlaryň we akyldarlaryň ýadygärlikleri bilen bir hatarda, Magtymguly bilen bir döwürde ýaşap geçen we döreden, XVIII asyryň meşhur ukrain filosofy we şahyry Grigoriý Skoworodanyň heýkeliniň hem oturdylandygy bellenilýär. Bu ýadygärlik iki halkyň dostlugyny alamatlandyrýan ýere öwrülip, ​​türkmen halkynyň ukrain mirasyna goýýan hormatyny aýdyň görkezýär. Birnäçe ýyl mundan ozal Aşgabatda Taras Şewçenkonyň ýadygärliginiň oturdylandygy we onuň şanyna köçäniň atlandyrylandygy bellärliklidir.

Makala Kiýew şäherinde ýakynda geçirilen çäreler – Ukrainanyň Çagalar Milli kitaphanasynda şu ýylyň maý aýynda türkmen şahyrynyň goşgularynyň ukrain dilindäki doly ýygyndysy bolan “Magtymguly Pyragy. Ylham” atly täze neşiriň tanyşydyrylyş dabarasy, şeýle hem “Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary” ady bilen geçirilen bir hepdelik suratlaryň, kitaplaryň we milli egin-eşikler sergisi geçirilendigi baradaky jümleler bilen dowam etdirilýär. Şeýle hem, şu ýylyň iýun aýynda Kiýew şäheriniň Swýatoşinskiý etrabynyň “Мистецтвознавці” atly mekdepden daşary işjeňlik merkeziniň döredijilik toparynyň ýaş suratkeşleriniň Magtymgulynyň döredijiligi esasynda çekilen eserleriniň sergisiniň geçirilendigi hem aýdylýar.

Makalanyň ahyrynda 27-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilýändigini barada aýdylýar.  

Şeýle hem gazetiň bu sanynda onuň baş redaktory tarapyndan Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi Toýly Ataýewiň Ukrainanyň Döwlet söwda-ykdysady uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi bilen geçirilen duşuşygy hem ýerleşdirilip, bu duşuşygyň dowamynda ylym, bilim we ynsanperwer ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň ara alnyp maslahatlaşylandygy beýan edilýär.