TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary A.Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Usmanowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar iň ýokary we ýokary derejelerdäki yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň hyzmatdaşlygy berkitmekde esasy orny eýeleýändiklerini tassykladylar.

Bellenilişi ýaly, döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen birlikde diplomatlar Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky göni gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini  bellediler.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ugruň döwletara gatnaşyklarynyň depginli ösmeginiň esasy faktorlarynyň biridigini nygtadylar.