TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI MOLDOWA RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENTINDE ÝURDUŇ BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI GEÇIRILEN TEGELEK STOLDA ÇYKYŞ ETDI

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ukrainadaky we Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi Toýly Ataýew Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň ýolbaşçylarynyň çakylygy esasynda “Moldowa Respublikasynyň hemişelik bitaraplygy: üstünlikler, meseleler we mümkinçilikler” ady bilen geçirilen tegelek stola wideo aragatnaşygy arkaly gatnaşyp, halkara derejesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmekdäki tejribesi barada çykyş etdi.

Bu çärä wideo aragatnaşygy arkaly Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategiki barlaglar boýunça ylmy merkeziniñ direktory Ş.Şiriýew hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ilçisi çykyşynyň başynda Moldowa Respublikasynyň Garaşsyz Bitarap döwleti we halky üçin wajyp çärä çagyrylandygy üçin Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk sözlerini aýdyp, ýurduň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli bu möhüm waka bilen gutlady.

T.Ataýew Türkmenistan bilen Moldowanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dostluk we özara düşünişmek, iri halkara guramalarynyň çäginde netijeli özara gatnaşyk, halkara başlangyçlara özara goldaw we dürli ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmak ýörelgeleri esasynda gurulýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Ilçisiniň çykyşynyň esasy bölegi Bitaraplyk derejesiniň yglan edilen gününden bäri ýurduň daşary syýasatynyň esasy hökmünde Türkmenistanyň hemişelik Bitarap statusynyň halkara derejesinde ykrar edilmegindäki tejribesine bagyşlandy. Ýagny, 1992-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk baradaky maslahatynyň mejlisiniň çäklerinde (häzirki wagtda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy), 1995-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisinde we Goşulmazlyk Hereketiniň Sammitinde, hem-de 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň tejribesinde ilkinji gezek Baş Assambleýanyň ýörite Karary bilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň bir agyzdan ykrar edilmegi, soňra 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji gezek ykrar edilendigi barada gatnaşyjylara habar berdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan edilendigini we 2020-nji ýylda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilendigini belledi.

Şeýle hem, Ilçi BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlykda dünýädäki parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi berkitmäge, şeýle hem sebitde parahatçylygy we ylalaşygy gazanmaga gönükdirilen halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki amaly ädimler, ýurtlara ykdysady we ynsanperwer kömegiň we goldawyň berilýändigi barada aýtdy.

Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen çäreler, esasan hem parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi barada aýdyp, Ilçi T.Ataýew şu ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylyny BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnamanyň kabul edilendigine gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.