TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ITALIÝA RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäginde anna güni Rim şäherindäki Kwirinale köşgünde Italiýanyň Prezidenti Serjio Matarella bilen duşuşdy.
Duşuşykda syýasy dialogy pugtalandyrmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Rim şäherinde geçirilen Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Forumyň dowamynda Italiýa kompaniýalary üçin giň mümkinçilikleri açýan Türkmenistanyň energetika we infrastruktura ösüş maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çärä gatnaşyjylar senagat ulgamynda, dokma pudagy, oba hojalyk senagaty we howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berdiler.
Forumyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň wekilleriniň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy bilen "Leonardo-Societa per azioni" kompaniýasynyň arasynda aýan etmezlik hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen "Leonardo-Societa per azioni" kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň "Marzoli Machines Textile S.M.L." kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň "Itema S.p.A" kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň "MCS dyeing & finishing machinery" kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň "Savio Maccine Tessili S.p.A" kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen "Pietro Fiorentini S.p.A" italýan kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şeýle hem forumyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän önümleriň sergisi guraldy.
Şeýlelikde, Türkmen-italýan işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi taraplaryň ýetilen sepgitler bilen çäklenmän, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga taýýardyklaryny görkezdi.