Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy çäre geçirdi

2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda Kiýew şäheriniň merkezindäki seýilgähde, medeni we sungat işgärleriniň gününi, şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň gününi bellemek dabarasy geçirildi.

Dabara gatnaşan myhmanlar, hususan-da, Ukrainanyň Daşary işler Ministrliginiň wekilleri, Ýokary Radanyň deputatlary, “Interbudmontaž” we “Altkom” şereketleriniň ýolbaşçylary, Ukrainanyň Söwda-senagat palatasynyň ýolbaşçylary, Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň garamagyndaky "Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat edýän baş müdirlik" döwlet kärhanasynyň ýolbaşçylary, Kiýew şäherinde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri, Ukrain professorlary we kitap neşirçileri, Kiýewiň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar, şeýle hem Ilçihananyň işgärleri baýramçylyk şertlerinde türkmen halkynyň ruhy keşbini we milli şahsyýetini görkezýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular.

Kiýewiň merkezinde ýerleşýän türkmen şahyrynyň ýadygärliginde türkmen talyplary beýik şahyrymyzyň goşgularyny türkmen we ukrain dillerinde wasp etdiler, hem-de bu dabara gatnaşan myhmanlar we türkmen ýaşlary tüýs ýürekden hormat we buýsanç sözlerini aýdyp geçdiler.

Dabaranyň dowamynda Ukrainanyň Daşary işler Ministriniň geňeşçisi Wiktor Maýko çykyş edip, beýik şahyrymyzyň şygryýet güni mynasybetli türkmen halkyny gutlady we halkymyzyň taryhy, medeni we edebi durmuşynda Pyragynyň möhüm orny barada aýdyp geçdi. W.Maýko Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini we sungatyny dünýä tanatmakda edýän uly işleri barada belläp, Türkmenistanyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini, türkmen halkynyň abadançylygyny, türkmen-ukrain dostlukly gatnaşyklaryň hem has-da ösmegini arzuw etdi.

Çärede Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýew çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň durmuşynda we döredijiliginde esasy sepgitler, türkmeniň we dünýä edebiýatynyň ösüşindäki roly, güýçli we egsilmez Türkmen döwleti bolan erkin we gülläp ösýän Watan hakda nähili arzuw edendigi barada gürrüň berdi. Şu ýyl hem Türkmenistanda "Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany" şygary bilen geçirilmegi gaty simwoliki manylydygy bellenildi.

Türkmen-Ukrain medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň däp bolşy ýaly iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda aýratyn orny eýeleýändigi, hem-de bu gatnaşyklaryň halklarymyzyň baý taryhlarynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyna esaslanýandygy barada aýdyldy. Şol sebäpli hem her ýyl milli gahrymanlarymyzyň günleri, Türkmen halky üçin - beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň, Ukrain halky üçin - beýik kobzar Taras Şewçenko günleri dabaraly ýagdaýda bellenilýändigi nygtaldy.

Şeýle-de dabarada, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini yhlas bilen öwrenýän, şahyryň durmuş ýoly baradaky kitabynyň awtory, hem-de Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe kitaplaryny ukrain diline terjime eden professor N.Waskiw Pyragynyň goşgularyndan watançylyk setirlerini ukrain dilinde tolgundyryjy duýgy bilen okady we Magtymgulynyň keşbini goşgy arkaly suratlandyrdy.