TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
AWTORYŇ HUT ÖZÜNIŇ TÜRKMEN HALKYNYŇ BEÝIK ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGY BARADAKY KITAPLARYNYŇ KIÝEW ŞÄHERINDÄKI ADYBIR KITAPHANADA TANYŞDYRYŞ ÇÄRESI
2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Kiýew şäherindäki Magtymguly kitaphanasynda türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijilik mirasyna bagyşlanan B.Grinçenko adyndaky Kiýew uniwersitetiniň professory Nikolaý Waskiwiň awtorlyk kitaplarynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Bä medeni we aň-bilim çäresi şahyryň adyny göterýän kitaphanada şahyrana sözüň we filosofiki pikirleriň ussady Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmegi diýseň ähmiýetlidir. Kitaplaryň a...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÄJIGISTANA RESMI SAPARY BAŞLANDY
2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Häzirki wagtda iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine, ruhy, taryhy we medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-täjik g...
TÜRKMENISTANDA SLOWENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Darýa Bawdaž Kuretden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz gezeginde, Sloweniýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedow...
SLOWENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Darýa Bawdaž Kuret bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi. M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny aýtdy. Soňra taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «ÄNEW – MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, medeniýet we sungat, ylym we bilim ulgam...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE MHG-NYŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen MHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler. Şeýle-de Türkmenistan tarapyndan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek, adam söwdasyna garşy göreşmek mesel...
ÝHHG-NYŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ WISE-PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti Reýnhold Lopatka bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar soňky döwürde Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasynda energiýa howpsuzlygy, ulag aragatnaşygy we ekologiýa howpsuzlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar Türkmenistanyň ÝHHG-ny...