TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň işewürlik wekilleri bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 1-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellenildi we ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki puda...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagy
2024-nji ýylyň 1-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda boldy. Mälim bolşy ýaly, Antalýa diplomatiýa foruma (ADF) möhüm ählumumy we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak, häzirki zamanyň wehimleriniň çözgütlerini tapmak, hyzmatdaşlygyň täze netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň dialog meýdançasyny döretmäge gönükdirilen başlangyç...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan bu çärä ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysad...
“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky täze sany çapdan çykd
Žurnalyň täze sany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyran daşary ýurt saparlary we gepleşikleri, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagy, Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan resmi saparyny, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň sammitine, BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna we GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna...
Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk barada
2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky dürli döwlet düzümleriniň, ýagny Dag-magdan senagaty we nebit ministrliginiň, «Da Afghanistan Breshna Sherkat» energetika kompaniýasynyň, Owganystanyň demirýol müdirliginiň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn...
Türkmenistanyň DIM-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
Şu gün, 2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi J.MakGregor bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda, şu ýylyň martynda meýilleşdirilýän ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmidiň Türkmenistana saparynyň guramaçylyk işleri, şeýle hem bu saparyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy...
UKRAINANYŇ HARKOW ŞÄHERINDE SPORTUŇ MMA-NYŇ GARYŞYK BAŞA-BAŞ GÖREŞ SUNGATY BOÝUNÇA OBLAST DEREJESINDE GEÇIRILEN ÇEMPIONATYNDA TÜRKMEN TALYBY B.HALYMOWYŇ 1-NJI ORNY ALANDYGY BARADA
24.02.2024 ý. senede Ukrainanyň Harkow oblastynyň Harkow şäherinde sportuň MMA-nyň garyşyk başa-baş göreş sungaty boýunça oblast derejesinde ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa Ukrainanyň Milli tehniki uniwersitetiniň “Harkow politehniki institutynyň” 4 ýyl türkmen talyby Babageldi Halymow gatnaşyp, ol 93 kg agramda 19-40 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda 1-nji baýrakly oruny eýeledi.