TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen, Aşgabada sapar bilen gelen, Halkara Zähmet Guramasynyň Dolandyryş we üç taraplaýynlyk departamentiniň direktorynyň orunbasary Kamran Fannizadeniň ýolbaşçylygyndaky HZG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar “Ýol kartada” görkezilen meseleleriň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar we 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti bilen HZG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň...
BENIN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Benin Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Akambi Andre Okunlola-Biauň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we munuň Türkmenistan bilen Benin Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine itergi berjekdigine ynam bildir...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE IŞ SAPARY TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary tamamlandy. Bu ýerde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geçirilýär. Dubaýda COP28 howa maslahatyna gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikit...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI SKOPÝE ŞÄHERINDE GEÇIRILEN ÝHHG-NIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 30-njy noýabry -1-nji dekabry aralygynda Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Skopýe şäherinde geçirilen ÝHHG-niň ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşdy. ÝHHG-ä başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri B.Osmaniniň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşyga ÝHHG-niň 57 döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri we ýolbaşçylary hem-de 11 hyzmatdaş dö...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BARADAKY ÇARÇUWALY KONWENSIÝASYNA GATNAŞYJY TARAPLARYŇ 28-NJI MASLAHATYNDA ÇYKYŞ ETDI
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna gatnaşdy. Ählumumy forumyň gün-teribine laýyklykda, onda howa boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilişiniň jemleri jemlener, geljekki hereketleriň meýilnamasy kesgitlener. Dünýä bileleşigi öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin şol meýilnamadan ugur alyp biler. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, onuň netijelerini ara...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ TÜRKMENISTANDA BMG-NIŇ HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BILEN BAGLY TEHNOLOGIÝALAR BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINI AÇMAK BARADA BAŞLANGYJY TASSYKLADY
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda, Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady. Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi b...
TÜRKMENISTAN ÄHLUMUMY METAN BORÇNAMASYNA GOŞULDY
2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy resmi taýdan yglan etdi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda bellenen Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjyň Türkmenistan tarapyndan goldanýandygy barad...