RSS

SOŇKY HABARLAR

6 Iýul

«TÜRKMENISTAN – ÝEWROPA BILELEŞIGI» ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA DIALOGYŇ 13-NJI MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-iň edara binasynda wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça Dialogyň 13-nji mejlisi geçirildi. «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça Dialogyň nobatdaky tapgyry Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisiniň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adam hukuklary we ynsanperwer hukugy ulgamynda Ýewropa Bileleşigi hem-de halkara inst...

DOWAMY
5 Iýul

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2021-nji ýylyň 4-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr iş sapary bilen Aşgabada geldi. Şu gün, 5-nji iýulda jenap Wolkan Bozkyr Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra Türkmenistanyň DIM-de Wolkan Bozkyryň baştutanlygyndaky BMG-niň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bil...

DOWAMY
3 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY ÖZARA HEREKETLERIŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara hereketleriň häzirki meselelerini, şeýle-de ýokary syýasy derejede gazanylan bilelikdäki ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň DIM-niň ugry boýunça işjeň häsiýete eýe bolan özara hereketleriň dowam edilmeginiň,...

DOWAMY
30 Iýun

AŞGABATDA SYÝASATŞYNASLARYŇ WE ŽURNALISTLERIŇ GATNAŞMAGYNDA MEDIA-FORUM GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda gibrid görnüşinde «Syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda Sebitleýin dialogy» atly halkara media-forum geçirildi. Çärä syýasatşynaslar, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ýurdumyzyň habarlar agentlikleriniň we öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we baş redaktorlary, ýurdumyzda akkeditirlenen daşary ýurt KHBS-niň wekilleri, Türkmenistanda işleýä...

DOWAMY
30 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASY BILEN ÖZARA HEREKETLERINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilýetiniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hadi Suleýmanpur hem gatnaşdylar.   Bu çäre Türkmenistanyň şu ýyl başlyklyk edýän YHG-sy bilen özara hereketleriniň ileri tutulýa...

DOWAMY
30 Iýun

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2021-nji ýylyň 28-30-njy iýuny aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Suleýmanpur resmi sapary bilen Aşgabatda bolýar. Saparyň çäklerinde Baş sekretar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Şeýle-de doktor Hadi Suleýmanpuruň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar şu ýylda Türkmenistanyň Guramada başlyklyk etmeginiň çäklerinde YHG-niň iş ýüzündäki hereketlerini...

DOWAMY
28 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2021-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeşiň) Baş sekretary B.Amreýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň bu formatdaky döwletleriň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen Türki Geňeş bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň derejesini we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda Geňeş tarapyndan gurnalýan ýokary dereje...

DOWAMY