TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi
Şu gün «Oguzhan» köşkler toplumynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky jarnama gol çekdiler. Mundan başga-da, iki ýurduň hökümetleri, ministrlikleri we pudak edaralary derejesinde köptaraplaýyn Türkmenistan-Özbegistan hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaragol çekildi. Ola...
Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ikiçäk gepleşikleri geçirdiler
Şu gün «Oguzhan» köşkler toplumynda Aşgabada sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Garşylamak dabarasyndan soňra iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Döwlet Baştutanlary köp asyrlyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dogan halklaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýa...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanynda metbugat toparyny (Press pool) döretmek teklip edilýär
2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de pudaklary ösdürmek bilen bagly birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaş...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2022-nji ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary bolar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY BOLDY
2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. 14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Astanada gazagystanly kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirendiklerini bellemek gerek. Olaryň gün tertibine dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy m...
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we Singapuryň premýer-ministriniň kanselýariýasynyň ministri özara gatnaşyk meselelerini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Singapuryň Premýer-ministriniň edarasynyň Ministri Mohamad Maliki bin Osmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygynyň barşynda halkara we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy diýip, türkmen DIM-niň saýty habar berýär. Duşuşyk Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Gazagystan Respublikasyna halkara we döwlet ähmiýetli birnäçe çärelere gatnaşmak maksady amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde geçirildi....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Kongres merkezinde Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Şu Sammitiň gün tertibi GDA-nyň giňişliginde ýakynlaşmagyň ähli ugurlaryna degişli möhüm meseleleri öz içine alýar. Şolar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi onuň çäklerinde özara gatnaşyklaryň gurallarynyň kämilleşdirilmegini üpjün eder. Sammitiň dowamynda hyzmatdaşly...