RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
2 Noý

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň Beýannamasy

Soňky wagtlar Ukrainanyň käbir köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanda "hukuk goraýjy edaralaryň kömegi bilen penitensiar edaralarynda Ukrainadaky söweşlere gatnaşdyrmak üçin bikanun mobilizasiýa amala aşyrylýar" diýen maglumatlar peýda bolýar. Mundan başga-da, käbir ukrain harby bilermenleri “Youtube” kanallarynda Türkmenistanyň çäginiň Owganystanda hakyna tutulan harbylar üçin üstaşyr geçelge hökmünde ulanylýandygy baradaky maglumaty ýaýradýarlar. Türkmenistanyň Ukrainada...

DOWAMY
pic
1 Noý

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistanyň Senatynyň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi amala aşyryldy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjarani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.  Türkmen-päkistan parlamentara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň...

DOWAMY
pic
29 Okt

Astanada "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" Sammiti geçirildi

2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" liderleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldymyradow weÝewropa Geňeşiniň Prezidenti Şarl Mişel g...

DOWAMY
pic
29 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ 54-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň 54-nji mejlisine we Assambleýanyň çäklerinde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde saparda boldy. Assambleýanyň umumy mejlisini GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň...

DOWAMY
pic
27 Okt

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» halkara maslahaty geçirilýär

Düýn günüň ikinji ýarymynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022» halkara maslahaty öz işine başlady. Forumyň birinji gününde «Energiýanyň geljegi: täze howplar we mümkinçilikler» atly mowzukdaky umumy mejlisde we birinji mejlisde 15-den gowrak çykyş diňlenildi. «Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, forumda edilen çykyşlarda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, buraw gurmak, önümçiligi höweslendirmek, sanly tehnologiýalar, gaýtadan dikeldilýän çeşmeler, wodorod tehnologi...

DOWAMY
pic
27 Okt

TÜRKMEN WEKILIÝETI «MERKEZI AZIÝA - KOREÝA RESPUBLIKASY» IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ 3-NJI MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» formatynyň Işewürler geňeşiniň nobatdaky 3-nji mejlisine gatnaşdy. Bu mejlise şeýle hem, Koreýanyň halkara söwda Assosiasiýasynyň (KITA), Koreýanyň importýorlarynyň Assosiasiýasynyň (KOIMA), Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Söwda-sena...

DOWAMY
pic
27 Okt

Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň täze ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.  Ilki bilen, diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Gruziýanyň Prezidentiniň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Gruziýa Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna ýokary baha berýä...

DOWAMY