TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
2022-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen bilen geçirilen duşuşygynda, Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Hytaý Halk Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş Sekretary wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybet...
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda saparda bolmagynyň çäklerinde, şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň okunly ösýän Türkmenistan üçin berk binýat bolandygyny belläp geçdi. — Häzirki wagtda doganlyk Türkmenistan milli jebisligi, taryhy we medeni däp-dessur...
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň metbugat wekillerine ýüzlenmesi
Şu gün «Oguzhan» köşkler toplumynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, metbugat wekilleri üçin brifing geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkyna myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän içerki we daşary syýasatyň netijesinde, Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine Özbegistanda tüýs ýürekden...
Türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi
Şu gün «Oguzhan» köşkler toplumynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky jarnama gol çekdiler. Mundan başga-da, iki ýurduň hökümetleri, ministrlikleri we pudak edaralary derejesinde köptaraplaýyn Türkmenistan-Özbegistan hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaragol çekildi. Ola...
Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ikiçäk gepleşikleri geçirdiler
Şu gün «Oguzhan» köşkler toplumynda Aşgabada sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Garşylamak dabarasyndan soňra iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Döwlet Baştutanlary köp asyrlyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dogan halklaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýa...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanynda metbugat toparyny (Press pool) döretmek teklip edilýär
2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de pudaklary ösdürmek bilen bagly birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaş...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2022-nji ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary bolar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek dostlukly gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.