TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
NÝU-ÝORKDA DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÇÄRE GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) halkara ulag geçilgesi boýunça Hökümetara topary, Hökümetara ýolagçylar geňeşi we Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkezi bilen bilelikde gibrid görnüşde 2022-nji ýylyň BMG-niň Ýokary derejesindäki Syýasy forumynyň çäklerinde «Blokçein tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly global üpjünçilik zynjyryny dolandyrmagy sanlaşdyrmak» atly çäräni geçirdi. Çärän...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERINI GIŇELTMEK BOÝUNÇA ÖZARA MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň baştutanlygyndaky wekilýeti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary barada özara gürrüňdeşlik etmek bilen, onuň ulgamlaýyn esasda şeýle hem, yzygiderli ösüşle...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE “TEGELEK STOL” GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BSG-nyň baş direktorynyň orunbasary Çjan Sýançeniň ýolbaşçylygynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilýetiniň hem-de Türkmenistanyň BSG-na goşulmagynyň meselelerini öwrenmek boýunça döredilen Hökümet toparynyň arasynda “tegelek stol” geçirildi. Şeýle hem, bu çärä Türkmenistanda akkreditasiýa edilen daşary ýurtlarynyň diplomatik edaralaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar....
KHBS ÜÇIN HABAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara alada bilen seredýändigi barada habar berýär. Türkmen tarapy Özbegistan Respublikasynyň ýolbaşçylygynyň ýurtdaky konstitusion tertibiniň we kanunyň goralmagy, şeýle hem ýaşaýjylaryň howpsuzlygyny we asudalygyny goramak üçin öz wagtynda we aýgytly hereketlerini goldaýar. Halkyň köpasyrlyk paýhasy, tejribesi we öňdengörüjiligi ýaly häsiýetleri ýüze çykýan ä...
TÜRKMENISTAN — TÜRKIÝE: ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR
2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nyg...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 1-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gutlag hatyny hem-de hormatly Prezidentimize özi...
AŞGABATDA ALTYNJY HAZAR SAMMITI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi. Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Res...