RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
12 Few

TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar....

DOWAMY
pic
9 Few

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 9-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ysraýyl Döwletiniň Syýahatçylyk ministri Ýoel Razwozow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny, hususan hem ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, oba hojalygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, tehnologiýa we ylym, şonuň ýaly-da syýahatçylyk we bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary h...

DOWAMY
pic
7 Few

KHBS ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Gazagystanyň Daşary işler ministri M.B.Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň çygrynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, tarapl...

DOWAMY
pic
7 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTIŇ KOREÝ DILINDÄKI KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaktorlary we žurnalistleri, şeýle-de göni wideoaragatnaşyk arka...

DOWAMY
pic
27 Ýan

BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TATAR IŞ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GECIRILDI

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Mejlise Iş toparynyň türkmen we tatarystan düzümleriniň agzalary hem-de degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Iş toparyň türkmen böleginiň başlygy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, tatar böleginiň başlygy RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-minis...

DOWAMY
pic
27 Ýan

TÜRKMEN-RUMYN DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA ONLAÝN GÖRNÜŞDE GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmelerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, rumyn tarapyna bolsa Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Danut Sebastian Nekulaesku ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ýurtlaryň türkmen-rumyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyk...

DOWAMY
pic
26 Ýan

METBUGAT ÜÇIN HABAR

Şu gün, 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Merdowyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimouň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler. Şeýle hem diplomat...

DOWAMY