SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ – MERKEZI AZIÝANYŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ MINISTRLERIŇ STRATEGIKI DIALOGYNYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow “Aýlagdaky Arap Döwletleriniň – Merkezi Aziýanyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň” Daşary işler ministrleriň strategiki dialogynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu platforma ýurtlaryň arasyndaky syýasy gepleşikleri giňeltmek hem-de söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredildi. Duşuşyga gatnaşyjylar halkara gün ter...
TÜRKMENISTAN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINDEN HYZMATDAŞLARY BILEN GAÝTADAN DIKELDILÝÄN ENERGIÝA PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Birleşen Arap Emirlikleriniň «Masdar» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-nyň energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini tygşytly peýdalanmak we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň guramasynyň Baş Sekretary Bagdad Amreýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bu Guramanyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, hususan-da howpsuzlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistanyň Türki döwletleriň guramasynyň ýanyndaky halkara düzümleriň...
TÜRKMENISTANDAN PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNA YNSANPERWER KÖMEGI GELDI
5-nji sentýabrda irden ynsanperwer ýük bilen «Ил-76» kysymly ýük daşaýan türkmen uçary Pakistan Yslam Respublikasynyň Sind welaýatynyň Karaçi şäheriniň howa menziline gondy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Pakistan Yslam Respublikasynda soňky wagtlarda bolýan köpsanly adam pidalaryna we uly möçberli weýrançylyklara getirýän tebigy betbagtçylyklar bilen baglylykda dostlukly pakistan halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, degişli derman we lukm...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmen halkynyň ynsanperwerlik hem-de goňşyçylyk däplerine esaslanyp, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Pakistan Yslam Respublikasynda bolup geçýän tebigy betbagtçylyklaryň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere we uly möçberli weýrançylyklara getirendigini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we tele...
TÜRKMENISTANYŇ WE KATAR DÖWLETINIŇ DIM-LERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
Şu gün, 30-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Geçirilen telefon arkaly gepleşikleriň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlarynyň giň gerimi boýunça pikir alşyldy. Ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň oňyn häsiýeti bellenilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy görkezijisiniň ýokary derejedäki gepleşikler bolup durýandygy aýratyn n...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETINIŇ AGZALARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 26-njy awgusdtynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän türkmen-özbek geňeşmelerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji W.Norowy we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili A.Kamilowy kabul etdi. Myhma...