img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Apr

TOPH GAZ GEÇIRIJI TASLAMASYNYŇ GURLUŞYGY BOÝUNÇA TÜRKMEN-OWGAN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde “Türkmengaz” Döwlet konserninden wekili M.Amanowyň we Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary E.Ebad bilen duşuşygy geçirildi.   Duşuşygyň dowamynda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada umumy pikir aly...

DOWAMY
pic
15 Apr

HALKARA MASLAHATYŇ ÇÄKLERINDE «PARAHATÇYLYGYŇ WE HOWPSUZLYGYŇ UGRUNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY PLENAR MEJLIS GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Aşgabatda geçirilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň çäklerinde «Parahatçylygyň we howpsuzlygyň ugrunda hyzmatdaşlyk»  diýen temada plenar mejlis geçirildi. Çäre Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysyny...

DOWAMY
pic
15 Apr

MAGTYMGULY ADYNDAKY TDU-DA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNDA EKOLOGIÝANYŇ ÄHMIÝETI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynda ekologiýanyň ähmiýeti» atly ikinji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisi BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň Başlygy N.Natswlişwili alyp bardy. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary G.Müşşikow,...

DOWAMY
pic
15 Apr

«YNSANPERWER UGRY BOÝUNÇA HALKARA HYZMATDAŞLYK» ATLY ÜÇÜNJI PLENAR MEJLIS

?Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň çäklerinde 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Ynsanperwer ugry boýunça halkara hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlis geçirildi. Mejlisi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew alyp bardy. Mejlisde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar...

DOWAMY
pic
15 Apr

«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ HATYRASYNA HALKARA HYZMATDAŞLYGY» ATLY HALKARA MASLAHATYŇ JEMLERI BOÝUNÇA TEGELEK STOL GEÇIRILDI

15-nji aprelde Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat üstünlikli tamamlandy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda çäräniň netijeleri boýunça tegelek stol geçirildi. Onda   maslahatyň esasy ugurlary beýan edildi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew alyp baryjy hökmünde çykyş etdi. Çärä Turkmenistanyn Daşary işler min...

DOWAMY
pic
13 Apr

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 13-nji aprelinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa we Hytaý” formatynda ministrleriň derejesindäki ikinji mejlisine taýýarlyk görmekden ybarat. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. HHR-nyň Daşary işler ministriniň orun...

DOWAMY
pic
12 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE KATAR DÖWLETINIŇ SÖWDA-SENAGAT EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY

Şu gün, 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň we Katar döwletiniň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen wekiliýetine Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebow, katar tarapyna bolsa Söwda-senagat edarasynyň Başlygynyň birinji orunbasary Mohammad Bin Ahmad Al-Kuwari ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga şeýle-de iki döwletiň energiýa, söwda, dokma we azyk senagaty, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklar boýunça ýöriteleşdirilen döwl...

DOWAMY