img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Iýun

DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB-MA IŞ TOPARYNYŇ UTGAŞDYRYJY TOPARYNYŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça ÝB-MA Iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň WECOOP taslamasynyň birinji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Mejlisiň işine Ýewropa Komissiýasynyň Daşky gurşaw meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümleriniň ýolbaşçylary, Italiýanyň Daşky gurşaw, ýer we deňiz serişdeleri ministrliginiň, ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň wekilleri, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça jogapkär hünä...

DOWAMY
pic
14 Iýun

22-27-nji iýun aralygynda Daşoguzda Medeniýet hepdeligi-2020 geçiriler

Daşoguz welaýaty Medeniýet hepdeligi-2020-ni kabul etmäge taýýarlyk görýär. 22-nji iýundan 27-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň demirgazyk sebiti beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabat gelýän ýurduň döredijilik bileleşiginiň wekilleriniň hünär baýramy mynasybetli özboluşly dabaralaryň, medeni çäreleriň we täze premýeralaryň merkezine öwrüler. Her ýyl geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň köpugurly taryhy-medeni mirasyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde-de...

DOWAMY
pic
12 Iýun

TÜRKMEN-AMERIKAN SYN BERIJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarymýyllyk syn beriji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça kömekçisi J.Hennik gatnaşdylar. Synyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň özarahereketleriniň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki...

DOWAMY
pic
12 Iýun

HALKARA ENERGETIKA AGENTLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN ONLAÝN GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi edarasynda Halkara energetika agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Nebitgaz meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Halkara energetika agentligi bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaz, nebit we energetika sektorlarynda bilelikdäki syny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatla...

DOWAMY
pic
12 Iýun

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ DAŞARY IŞLER WE HOWPSUZLYK SYÝASATY BOÝUNÇA ÝOKARY WEKILI BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel Fontelles bilen onlaýn görnüşindäki gepleşikleri giçirildi. Duşuşygyň barşynda koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşe gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagy bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa...

DOWAMY
pic
11 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Administratorynyň orunbasary we BMG-niň ÖM-nyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebitleýin edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen uzakmöhletleýin hem-de netijeli hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdiler. Taraplar BMG-niň Ösüş Maksatnam...

DOWAMY
pic
11 Iýun

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE OWGANYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygynyň nobatdaky tapgyry sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan, Özbegistan Respublikasyndan we Owganystan Yslam Respublikasyndan ýokary derejeli diplomatlar, BMG-niň Baş...

DOWAMY