TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan boýunça ýörite wekilleriň Katardaky üçünji duşuşygyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 30-njy iýunyndan 1-nji iýuly aralygynda Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň howandarlygynda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň üçünji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar, şol sanda häzirki owgan häkimiýetiniň wekilleri Owganystandaky häzirki syýasy, ykdysady we ynsanperwer ýagdaý, Owganystandaky hususy pudagyň mümkinçiliklerini giňeltmek we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşy...
27-NJI IÝUNDA MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ GÜNI HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGYRÝET GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN KIÝEW ŞÄHERINDÄKI MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGINE GÜL GOÝMAK DABARASY BARADA
Türkmenistanyň milli senenamasynda orun alan Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň merkezinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Bu ýyl medeniýet işgärleriň baýramy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenilýän meşhur türk...
TÜRKMEN SÖWEŞIJISI ÝAGŞYMYRADOW PFL GRAND PRIX-IŇ ÝARYM FINALYNDA AWSTRALIÝALY WILKINSON BILEN DUŞUŞAR
Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow PFL Grand Prix-iň ýarym finalynda ýarym agramly derejede indiki ýaryşyny Awstraliýanyň wekili Rob Wilkinsona garşy geçirer. Beýleki ýarym finalda bolsa söweş Amerikaly söweşijiler Impa Kasanganaý bilen Joş Silweýranyň arasynda bolar. D.Ýagşymyradow şu ýylyň 22-nji iýunynda PFL 5 ýaryşynda Kamerunly Simon Biýong bilen bäsleşigi geçirdi. Geçirilen bu bäsleşikde Döwletjan eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen ýeňiji b...
GÖRNÜKLI TÜRKMEN ŞAHYRY WE AKYLDARY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNYŇ DÜNÝÄ ÝÜZÜNDE BELLENILIŞI - «UKRAINE BUSINESS REVIEW» GAZETINIŇ NOBATDAKY SANYNDA
Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dowam etdirilýar. Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramçylygynyň öňüsyrasynda bu mowzuga bagyşlanan makala Ukrainanyň maliýe-ykdysady hepdelik gazeti – «Ukraine Business Review» gazetiniň nobatdaky sanynda ýerleşdirildi. Bu makalanyň üsti bilen, Türkmenistanyň Magtymgulynyň edebi mirasyn...
TÜRKMENISTAN BILEN ÇEHIÝANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ IŞJEŇLEŞDIRILMEGI
2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Pragada Türkmenistanyň we Çehiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, çeh tarapyna - Çehiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Irži Kozak ýolbaşçylyk etdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Soňra duşuşyga gatnaşyjylar bar b...
TÜRKMENISTANDA BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruslan Stoýanowdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler ü...
MEJLISDE ZIMBABWE RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENTINIŇ ÝOKARKY PALATASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Meýbl Çinomona bilen duşuşygy geçirildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, dünýäniň...