TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
UKRAINA - KIÝEW
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA UKRAIN AKYLDARY WE ŞAHYRY GRIGORIÝ SKOWORODANYŇ HEÝKELI OTURDYLDY
2024-nji ýylyň 17-nji maýynda paýtagtymyzda açylyş dabarasy geçirilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň ýadygärligi bilen bir hatarda dürli ýurtlaryň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň ýadygärlikleri hem oturdyldy. Bu ýadygärlikler Magtymguly Pyragynyň öz öçmez-ýitmez eserlerinde ündän dost-doganlygy, halklaryň hoşniýetli goňşuçylygyny şöhlelendirýän ýörelgeler esasynda olaryň hormatyna oturdylan....
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MEDENIÝET MINISTRLERI DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHAT
2024-nji ýylyň 17-18-nji maýy aralygynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahaty geçirildi. Bu iki günlük foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk s...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ MEDENIÝET INSTITUTYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleriniň derejesinde halkara maslahatynyň geçirilmeginiň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Medeniýet institutynyň Prezidenti Saad Han bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar sport pudagynda sebitleýin hyzmatdaşlygy, medeni alyş-çalyş maksatnamalaryny utgaşdyrmagy we agza ýurtlaryň habarlar a...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-ÝAPON DIM-LERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň DIM-leriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa boýunça býurosynyň baş direktorynyň orunbasary Masaki Ikegami ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanp...
ÝUNESKO-NYŇ ALMATY ŞÄHERINDÄKI SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda taryhy, medeni we tebigy mirasy gorap saklamak, ýaýratmak, bilim, sport we sanlylaşdyrmak ugurlarynda mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdü...
TÜRKSOÝ-NA AGZA DÖWLETLERIŇ ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA MILLI TOPARLARYNYŇ MEJLISI
2024-nji ýylyň 16-njy maýynda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Mongoliýanyň, Wengriýanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň, ÝUNESKO-nyň Almaty şäherin...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASY TARAPYNDAN TÜRKMEN HALYSYNYŇ BAÝRAMY MYNASYBETLI GEÇIRILEN ÇÄRE
Ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda 2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Ukrainada akkredetirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň maşgala agzalarynyň klubynyň, Ukrain diplomatlarynyň maşgala agzalarynyň klubynyň we Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň garamagyndaky Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat etmek boýunça Baş döwlet kärhanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda çäre geçirdi....