Tapylan netije sany: 8963
TÜRKMENISTAN WE ITALIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-italýan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Italýan Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefano ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-italýan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara meseleleri...
BANGKOKDA DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA 6-NJY AZIÝA-ÝUWAŞ UMMAN FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 27-nji martynda Taýlandyň paýtagty Bangkokda Durnukly ösüş boýunça 6-njy Aziýa-Ýuwaş umman forumy öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu forumyň gurnaýjysy bolup, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (UNESCAP) çykyş etdi.
Üç gün dowam edýän her ýylky foruma ýokary derejeli hökümet agzalary, hususy sektoryň we raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşmaga geldiler. Şeýle-de bu forumyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.
Forumyň a...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA SAPARY TAMAMLANDY
2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň we Tendo şäheriniň meri Ýamamoto Şindjiniň duşuşugy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýeti Ýamagata prefekturasynyň Tendo şäherindäki Wagýu sygyr et...
WENADA TÜRKMENISTANYŇ SYÝASATYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Wenanyň Diplomatik akademiýasynyň binasynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň tanydyryş dabarasyny we tegelek stoly geçirdi.
Çärä Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň wekiliýeti, Merkezi Aziýa we goňşy ýurtlarynyň wekilleri we Ilçileri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy we agzalary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda, W...
«ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA ТÜRKMENISTAN-ÝB DIALOGYNYŇ» NOBATDAKY TAPGYRY AŞGABATDA GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy martynda Aşgabatda adam hukuklary boýunça Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dialogynyň nobatdaky 11-nji tapgyry geçirildi.
ÝB-niň wekiliýetine Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary müdirliginiň başlygy B.Ýaroşewiç ýolbaşçylyk etdi. Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekil – Türkmenistanyň Ombudsmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary Kazyýetiniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň Daşar...
TÜRKMENISTANYŇ GDA BAŞLYKLYK ETMEGINIŇ KONSEPSIÝASYNA LAÝYKLYKDA TÜRKMENISTANDA GEÇIRILMEGI MEÝILLEŞDIRILÝÄN ÇÄRELER
15 - 16-njy maýda Aşgabat şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçiriler
Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, sungat we döredijilik babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Kar...
Туркменские предприниматели осваивают производство химической продукции
Комплекс оборудования по выпуску сразу нескольких видов продукции - йода, каустической соды и хлора - запущен в эксплуатацию в Берекетском этрапе Балканского велаята, рядом с поселком Даната. Предприятие возведено членом СППТ хозяйственным обществом «Химия сенагат» на площади Западный Чаалджа, где обнаружено месторождение подземных минерализованных вод. Массовая концентрация йода в природных солевых растворах составляет до 200 граммов на кубометр.
Искомое сырьё подается на технологические уст...
TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY ILÇIHANASY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASYNY GEÇIRDI
2019-njy ýylyň 3-nji aprelinde Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Ilçihanasy bu edaranyň ýanyndaky Ukrain-Türkmen işewürlik geňeşiniň ýardam bermeginde we işjeň gatnaşmagynda birinji Hazar Ykdysady forumynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi.
Dabara Ukrainanyň DIM-niň işgärleri, hazarýaka döwletleri bolan Azerbaijan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasýasynyň Ilçihanalarynyň diplomatlary, ýurduň sebit söwda-senagat e...
«HOWDAN - BAJGYRAN» SEBITINDE HALKARA NOWRUZ GÜNÜNE BAGYŞLANAN BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde «Howdan - Bajgyran» sebitiniň golaýynda Halkara Nowruz güni baýramçylygynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasy bilen birlikde guranalan dabaraly çäre geçirildi.
Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Ahal welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Eýran tarapyndan dabaralara hormatly myhman hökmünde Eýran Yslam Respublikasynyň Medeni miras, senetçilik we syýahatçylyk boýunça guramasynyň Wise-prezidenti we baş...
TÜRKMENISTAN HALKARA-HUKUK RESMINAMALARYNYŇ BINÝADYNY KÄMILLEŞDIRÝÄR
Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynyň işjeň gatnaşyjysy bolmak bilen halkara-hukuk resminamalarynyň binýadyny ulgamlaýyn kämilleşdirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukuklary ulgamyndaky konwensiýalaryna gatnaşmak arkaly Türkmenistan bu resminamalaryň kadalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça iş ýüzünde degişli hereketleri durmuşa geçirýär. Bu ugurda abraýly halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzü...
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/31504