Tapylan netije sany: 8963
ÝHHG-NYŇ MERKEZI AZIÝADAKY WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SEBITLEÝIN DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygynyň açylyşy boldy.
Duşuşyga ÝHHG-nyň Sekretariatynyň wekilleri, ÝHHG-nyň Merkezi Aziýadaky meýilnamalaýyn edaralarynyň wekilleri, ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň wekilleri, ÝHHG boýunça utgaşdyryjylar, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky wekilýetleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň degişli edarala...
AŞGABATDA BMG-NIŇ KONTRTERRORÇYLYK MÜDIRLIGINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYKLAR GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 14-nji aprelinden 19-njy apreli aralygynda BMG-niň Kontrterrorçylyk müdirliginiň Direktory Jehangir Han Aşgabatda iş sapary bilen bolýar, ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20-ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek çärelere gatnaşar.
15-nji aprelde Jehangir Hanyň Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hemişelkik bitaraplyk derejesiniň nazarda tutulmagy bilen häzirki zaman wehimlere we howplara öz wagty...
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY MERKEZINIŇ AÇYLMAGYNYŇ 20-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20-ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle hem ÝHHG-niň agza-ýurtlarynyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri bolan ÝHHG-niň, ÝB-niň hem-de BMG-niň jogap...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI DÖWLET SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.
17-nji aprelde iki ýurduň Prezidentleriniň duşuşygy geçiriler. Onuň barşynda Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy, syýasy, sö...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Gremingeriň Türkmenistana saparynyň çäklerinde onuň Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmen tarapyna ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň esaslandyrylan gününiň 20-ýyllygy mynasybetli gutlaglaryna minnetdarlyk bildirip, jenap Greminger Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn ösüşe, şeýle hem sebit derejesinde, edil şonuň ýaly-da global ölçeglerinde parahatçylygyň we ösüşiň saklanylmagyna gönükdirile...
TÜRKMENISTAN WE FRANSIÝA ÖZARA BÄHBITLI IŞEWÜR HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY KESGITLEDI
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça nobatdaky wezipelere garaldy.
Mejlise gatnaşmak üçin Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Žan-Batist Lemuanyň baştutanlygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda puda...
TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ BIRNÄÇE MINISTRLIKLERINIŇ WE PUDAK EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖZARA HEREKETLERIŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde «Oguzkent» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň ýurdumyza boljak döwlet saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň we Koreýanyň hökümet agzalarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, ylym we bilim merkezleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşugy açmak bilen bu ýere ýygnanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň arasynda soňky ýyllaryň dowamynda söwda-ykdysady...
TÜRKMENISTANDA TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE WE GURAMAÇYLYKLY JENAÝATÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÝHHG-NIŇ ÝOKARY DEREJELI SEBITLEÝIN MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, şeýle hem ÝHHG-niň hyzmatdaşlyk boýunça gatnaşyjy-döwletlerinden gelen 200 golaý wekiller we hyzmatdaşlary, şol sanda halkara guramalarynyň halkara bilermenleri 2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda öz işine başlan terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça ÝHHG-niň ýokary derejeli sebitleýin maslahatyna gatnaşdylar.
Bu maslahat Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň ýardam berm...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY
2019-njy ýylyň 16-njy aprelinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistana döwlet sapary başlandy.
2019-njy ýylyň 17-nji martynda resmi garşylamak hem-de Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýanyň Prezidenti Mun Çže Ini «Oguzhan» Köşkler toplumyna çagyrdy, bu ýerde ikiçäk görnüşdäki türkmen-koreý gepleşikleri ge...
TÜRKMENISTAN WE MONGOLIÝA ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAK UGRUNDA
2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Myhmanlaryň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Mongoliýanyň daşary işler ministriniň orunbasary hanym Batmýonhiýn Batseseg ýolbaçylyk etdi.
Duşuşygyň başynda taraplar daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň yzygiderli esasda geçirilmegine gyzyklanma bildirdiler. Bu ugurd...