Tapylan netije sany: 8963
TÜRKMENISTAN DÜNÝÄ JEMGYÝETÇILIGINI DÖM-NYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BOÝUNÇA MEÝLETIN MILLI SYNY BILEN TANYŞDYRDY
2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Ýokary derejeli syýasy forumyň barşynda milletler bileleşigine Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Meýletin milli synyny görkezdi.
Bu Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzasy bolmagynda Nýu-Ýorkda görkezýän birinji milli syny bolup durýandyr. EKOSOS-yň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän ýokary derejeli mejlisde çykyş etmek bilen Türkmenistany...
AŞGABATDA GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ BABATDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy iýulynda Aşgabat şäheriniň «Аrçabil» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň XXIX mejlisi geçirildi.
Mejlise GDA gatnaşyjy-döwletleriň saglygy goraýyş ulgamynda işleýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de BSG-nyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň, BMG-niň hem-de Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara Federasiýasynyň düzüm birlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar....
TÜRKMENISTANDA SAGLYGY GORAÝYŞ WE DERMAN SENAGATY IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN ÇÄRELER GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Saglyk — 2019» atly halkara sergisi açyldy, onuň çäklerinde lukmançylyk ulgamyny ösdürmegiň meseleleri boýunça ylmy maslahat geçirildi.
Çäräniň açylyş dabarasy baýramçylyk ruhuny artdyran döredijilik toparlarynyň çykyşlaryndan başlandy. Dabarada myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, habar beriş serişdeleriň wekilleri, da...
SAGLYK - 2019» HALKARA FORUMYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN RESMINAMALARA GOL ÇEKILDI
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň we Ysraýyl Döwletiniň degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada resminamalara gol çekilmegi halkara forumyň birinji gününiň möhüm wakasy boldy.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi hem-de Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraý...
TÜRKMENISTAN IMMUNIZASIÝA ULGAMYNDA ÝETEN ÝOKARY GÖRKEZIJILER ÜÇIN ÝUNISEF-IŇ ŞAHADATNAMASYNA MYNASYP BOLDY
Türkmenistanyň immunizasiýa ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin ÝUNISEF tarapyndan ýokary baha eýe boldy. 2019-njy ýylyň 20-nji iýulynda, saglygy goraýyş boýunça geçirilen halkara maslahatynyň dowamynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili hanym Kristin Weýgand Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän Immunizasiýa boýunça milli maksatnama arkaly durmuşa geçirilýän immunizasiýa ulgamynda gazanylan ýokary görkezijiler üçin Şahadatnamasyny...
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/39579DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-ARGENTIN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Argentinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Ernest Lagorionyň ýolbaşçylygyndaky Argentina Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlaryndaky türkmen-argentin gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi edil Türkmenistan ýal...
TÜRKMENISTANDA DÖM-NYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BOÝUNÇA MEÝLETIN MILLI SYNYNYŇ TANYŞDYRYLYŞYNYŇ NETIJELERI HAKYNDA
2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 16-20-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherine bolan saparynyň deslapky netijelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi, bu saparyň çäklerinde Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Meýletin milli synynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Iş mejlisiniň barşynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Ykdysady we D...
TÜRKMENISTAN DOGANLYK OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERMEGI DOWAM EDÝÄR
2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina etrabynda gurlan uzynlygy 10 kilometr bolan demirýol böleginiň dabaraly açylyşy, şeýle hem uzynlygy 35 kilometre barabar Akina-Andhoý täze demirýol şahasynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Çärelere Türkmenistanyň we Owganystanyň ulag we senagat edaralarynyň ýolbaşçylary, häkimler, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjy...
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/39747«HAZAR» TÜRKMEN-ASTRAHAN HABARLAR KITAPÇASYNYŇ BIRINJI SANY ÇAP EDILDI
2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde Astrahan welaýatynyň Hökümeti bilen birlikde «Hazar» türkmen-astrahan habarlar kitapçasynyň birinji sany çap edildi.
Kitapçanyň birinji sany Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumyny (BHYF)...
AŞGABATDA KANUNYŇ HÖKMÜROWANLYGYNYŇ ÝÖRELGELERINE LAÝYKLYKDA TERRORÇYLYK IŞINE GARŞY DURMAK BOÝUNÇA ÝHHG-NYŇ SEMINARY GEÇIRILDI
Aşgabat şäherinde geçirilen we 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda tamamlanan iki günlük okuw maslahatynyň maksady – kanunyň hökmürowanlygynyň ýörelgelerine laýyklykda terrorçylyk işine garşy durmak üçin jenaýat-hukuk çäreleriniň güýçlendirilmegi bolup, ol degişli döwlet edaralarynyň, şeýle hem adwokaturanyň 30-dan gowrak işgärlerini özünde jemledi.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ÝHHG-niň Sekretariatynyň Terrorçylyga garşy bölüminiň Transmilli wehimlere garşy göreşmek Departamenti bilen birlikd...