Tapylan netije sany: 8963
BUENOS-AÝRESDE TÜRKMEN-ARGENTIN GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Buenos-Aýres şäherinde Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýew ýolbaşçylyk etdi. Argentina Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Gustawo Rudolfo Zlauwinen ýolbaşçylyk etdi.
Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-argentin gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdil...
TÜRKMENISTANDA ÝHHG TARAPYNDAN GURALAN HUKUK GORAÝJY EDARALARYŇ IŞGÄRLERINIŇ ETIKASY WE ÖZLERINI ALYP BARMAKLARYNYŇ KODEKSI BOÝUNÇA LEKSIÝALAR GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 14-19-njy oktýabry aralygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň etikasy we özlerini alyp barmaklarynyň kodeksi boýunça leksiýalary gurady. Leksiýalar toplumy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynda, Döwlet Serhet gullugynyň Serhet institutynda we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. Bäş sany ýokary okuw mekdeplerinden 250-den gowrak talyplar leksiýalary diňlediler.
Leksiýalar topl...
HYTAÝDA HHR - MERKEZI AZIÝA HYZMATDAŞLYGYNYŇ VII FORUMY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 18-19-njy oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi bolan Nannin şäherinde Hytaý - Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň VII forumy geçirildi.
Çäre hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hyzmatdaşlyk boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hytaý komiteti, Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň daşary işler boýunça kanselýariýasy we bu etrabyň Halk hökümeti tarapyndan guraldy. Duşuşyk Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystan...
21-23 октября Президент Туркменистана совершит рабочий визит в Японию
21-23 октября 2019 года ожидается рабочий визит Президента Гурбангулы Бердымухамедова в Японию, в ходе которого предусматривается подписание ряда документов.
О Программе предстоящего визита правительственной делегации Туркменистана во главе с Президентом Гурбангулы Бердымухамедовым в Японию главу государства на состоявшемся 18 октября заседании Правительства проинформировал вице-премьер, министр иностранных дел Рашид Мередов.
Как отмечалось, сотрудничеству с Японией, дипломатические отноше...
22-24 октября в Ашхабаде состоится международный нефтегазовый форум OGT-2019
22-24 октября в Ашхабаде состоятся XXIV Международная выставка и конференция «Нефть и газ Туркменистана – 2019». Организаторы форума, нацеленного на активизацию взаимовыгодного сотрудничества с зарубежными партнёрами, привлечения лучшего мирового опыта и новейших технологий, - Государственный концерн «Türkmennebit» и Торгово-промышленная палата Туркменистана.
Как ожидается, в мероприятиях OGT-2019 примут участие специалисты из многих стран мира, в том числе представители профильных компаний,...
TÜRKMEN WEKILIÝETI ILKINJI GEZEK BÜTINDÜNÝÄ HARBY OÝUNLARYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde VII tomusky Bütindünýä harby oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň sport wekiliýeti gatnaşdy.
Bütindünýä harby oýunlar – dünýäde Olimpiadadan soňky iň iri sport çäresidir. Şu ýylyň 27-nji oktýabryna çenli dowam etjek häzirki oýunlara dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan on müňden gowrak türgen we tälimçi, şeýle-de tehniki işgärleriň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmen...
TBILISIDE HALKARA ULAG ÜSTAŞYR GEÇELGELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN TOPARYNYŇ MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Tbilisi şäherinde Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri boýunça türkmen-gruzin toparynyň ikinji mejlisi öz işine başlady.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary, Gruzin wekiliýetine bolsa Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk edýär.
Wekilýetler söwda dolanşygynyň statistiki maglumatlary we iki ýurduň arasyndaky ulag üstaşyr geçelgeleriniň möçberini artdyrmaklyk barada pikir alyşdy...
BOSNIÝA WE GERSEGOWINANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde öz ynanç hatlaryny gowşurmak üçin Aşgabada gelen, Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) jenap Samir Weladjiç bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar özarabähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydygyny bellediler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak bilen, ýurtlaryň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY BAŞLANDY
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini Ýaponiýanyň resmi adamlary garşylaýarlar.
Howa menzilinden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni sapar mahalynda türkmen Liderin...
TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň öňüsyrasynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi. “Shinagawa Prince” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi gurnaldy.
Duşuşyga dürli senagat ulgamlarynda, ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýa ulgamlarynda işleýän Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň hünärmenleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarpyndan d...