Tapylan netije sany: 8962
TÜRKMENISTAN – BMG: ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmekde hyzmatdaşlyk
?Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň 2019-njy ýyl üçin adam ösüşi boýunça Bütindünýä hasabaty bilen tanyşdyryldy. Foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda hasabatyň esasy netijeleri, soňky 10 ýylda ýurdumyzyň gazanan ösüşi, şeýle hem durnukly ösüşe ýardam etmekde BMG...
ÝUNISEF Türkmenistanyň çagalar babatdaky syýasatyny goldaýar
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda 2021 — 2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Ýurt boýunça maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geňeşme duşuşygy geçirildi.
Bu çärä BMG-niň ýurdumyzdaky Çagalar gaznasynyň ýolbaşçysy hanym Kristina Weýgand, Milli Parlamentiň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar.
Mäl...
Türkmenistan goralýan nyşanlary belgilemek ulgamynda öz ornuny pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bu edara bilen Şweýsariýanyň «SIÑPA SA» kompaniýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu kompaniýa goralan nyşanlar bilen belgilemek ulgamynda dünýäde öňdebaryjy kompaniýadyr.
Resminama Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenildi....
Türkmenistanda deňizde ýüzüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Paýtagtymyzda Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň altynjy duşuşygy tamamlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, bu çäre Daşary işler ministrligi, Hazar deňzi instituty hem-de Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan guralyp, oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň,...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZAR DEŇZINDE GÖZLEG WE HALAS EDIŞ IŞLERINI GEÇIRMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA DUŞUŞYK ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikinji mejlisi öz işine başlady.
Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligin...
AŞGABATDA YHÖG-NYŇ BAHA BERMESINIŇ ÇÄKLERINDE ESASY NETIJELERIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA IKINJI IŞ MASLAHATY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) «Merkezi Aziýa ýurtlarynda telekeçiligiň hukuk gurşawynyň kämilleşdirilmegi: Türkmenistan» baha bermesiniň çäklerinde degişli netijeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça ikinji iş maslahaty geçirildi.
Çärä türkmen tarapyndan ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň weki...
TÜRKMENISTANDA KORONAWIRUSA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI GÜÝÇLENDIRILÝÄR
2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilen iş mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow keselleriň öňüniň alynmagy hem-de ilata berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi boýunça ähmiýetli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de...
HINDISTANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZÜNIŇ DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azar Abul Hasan Han bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin munnetdarlyk bildirdi. Soňra taraplar ulag, energetika we ykdysadyýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Merkezi we Günorta Aziýany bir...
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň energetika pudagynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekdi
2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň energetika ulgamyndaky kuwwatynyň has hem artdyrylmagyna gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi, oňa laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konserni “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan” gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin z...
KABULDA TÜRKMEN-OWGAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu ýylyň 1-2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky DIM-niň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna sapary boldy.
1-nji fewralda türkmen wekiliýeti Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik özarahereketleriň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmegi, ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleleriň g...