Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ (IRU) BILERMENLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) bilermenleri bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň birnäçe ministrliginiň we pudak edarasynyň, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň, Mejlisiň, Merkezi bankyň, «Türkmenawtoýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hem-de Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň w...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝURDUMYZDA IŞLEÝÄN HALKARA GURAMALARYNYŇ WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanda işleýän düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap Antoniu Guterriş bilen golaýda bolup geçen telefon arkaly söhbetdeşligine aýratyn üns berildi.
Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Ba...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝUNISEF BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Kristin Weýgand bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlygy barada belläp geçdiler. Milli derejede işlenip düzülen we durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň netijeliligine aýratyn ünsi çekdiler.
Şeýle hem sanly bilim ulgamy, saglygy g...
TÜRKMENISTAN DÖM-NYŇ GLOBAL GÜN TERTIBINIŇ ESASLANDYRYLMAGYNDA HALKARA HYZMATDAŞLARY BILEN IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK EDÝÄR
2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde “Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça milli görkezijiler we Milli meýletin synlar” atly global sessiýa geçirildi.
Duşuşyga ýurdumyzda işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Statistika baradaky hem-de Telewideniýe, ra...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ÝURDUMYZDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonzo bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllardaky oňyn ösüşini bellediler. Taraplar ileri tutulýan taslamalaryň hem-de strategiýalaryň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp m...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETI BILEN BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ ARASYNDA TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda tegelek stol geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt Maksatnamasynyň taslamasy duşuşygyň esasy temasy boldy. Kanunyň hökmürowanlygy we ykdysadyýetiň diwersifikasiýasy, şeýle-de statistiki maglumatlaryň hili ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN ONLAÝN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak bilen wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” we “Türkme...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BSG-NYŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN ONLAÝN GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin Edarasynyň Direktory doktor Hans Klýuge bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň barşyndа Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejeliligi nygtalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝB-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piter Buriýan bilen sanly wideo aragatnaşygy arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gün tertibi dogrusynda pikirleri alyşdylar, şeýle-de dünýä jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň hemmetaraplaýyn özarahereketleriniň hem-de özara goldawlarynyň zerurlygyny nygtadylar.
Onlaýn-söhbetdeşligiň ba...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA WIDEOKONFERENSIÝA GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda wideokonferensiýa guralyp, onda Beýik Britaniýanyň «University College of London» ýokary okuw mekdebiň Arheologiýa institutynyň professory, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýüpek ýollary boýunça baş maslahatçysy Tim Uilýams göni wideoaragatnaşyk arkaly leksiýa bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatna...