Tapylan netije sany: 8961
SYÝASY WE YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÖZBEK GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde syýasy we ykdysady meseleler boýunça türkmen-özbek geňeşmeleri onlaýn görnüşinde geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary W.Hajiýew hem-de I.Neýmatow ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy, ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikleriň zerurlygy hem nygtalyp geçildi. Diplo...
AÖB-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekilhanasynyň Direktory Çang Çing Ýu bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň barşynda geljegi uly t täze aslamalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, özarahereketleriň ileri tutulýan ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, bank ulgamynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň, şonuň ýaly-da energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslam...
DIM-DE ÝTÖB BILEN ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY BERKITMEK BOÝUNÇA MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglu bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen ÝTÖB-nyň arasyndaky uzak möhletli we täsirli hyzmatdaşlygyň ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşygyň çäklerinde, bu halkara maliýe institutynyň gatnaşmagynda energetika we ula...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web-saýtynda Türkmenistanda koronawirus infeksiýasynyň garşysyna alnyp barylýan çäreler barada nädogry maglumatlar ýerleşdirilipdir.
Hususan-da, täze görnüşli infeksiýanyň döredýän alamatlary bar bolan raýatlaryň testden geçirilýänligi we hamana olaryň oňaýlyklaryna gözegçilik edilmeýän karantine kesgitli bolmadyk döwür üçin mejbury iberilmeginiň mümkinligi barada nygtalýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şuňa...
Medeniýet hepdeligi — 2020: ikinji gün
Şu gün Daşoguz welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynyň çäklerinde döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň täsin binagärlik we arheologik ýadygärliklere baryp görmegi göz öňünde tutuldy. Şolaryň ençemesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça olary goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça geçirilýän çäreleriň...
Medeniýet hepdeligi — 2020: üçünji gün
Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligine gabatlanyp geçirilýän çäreler dowam edýär. Neşirýat önümleriniň sergisiniň açylmagy, degişli ylmy-maslahat, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsert hepdeligiň üçünji gününiň esasy wakalary boldy.
Welaýat kitaphanasynyň binasynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň w...
SÖWDA, YKDYSADY, YLMY WE TEHNOLOGIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-KOREÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary, hususan-da ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklary gazandylar.
Sö...
«TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI» BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISI ONLAÝN GÖRNÜŞINDE GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 19-njy mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi.
Bu duşuşukda Türkmenistana birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri wekilçilik etdiler. ÝB-niň tarapyndan, mejlise Ýewropa w...
HÄZIRKI WAGTDA DAŞARY ÝURTDA BOLÝAN TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLARY ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň raýaty öz şahsyýetini tassyklaýan resminamany ýitiren, ogurlanan, ulanyp bolmajak derejede zaýalanan ýa-da onuň möhleti dolan, şeýle hem daşary ýurt döwletinde Türkmenistanyň raýatlygyna degişli bolan çaganyň doglan halatlarynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan oňa Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama resmileşdirilýär.
Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň özlerine bagly bolm...
TÜRKMENISTANYŇ WE MÜSÜRIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Müsür Arap Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Şukriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Diplomatlar türkmen-müsür gatnaşyklary bilen bagly birnäçe derwaýys meselelere garadylar. Syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesi hem-de halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşygyň oňyn tejribesi bellenildi. Kärdeşler ýakyn geljekde iki ýurduň daşary işler ministrliklerin...