Tapylan netije sany: 8961
AWSTRIÝANYŇ IMC KREMS AMALY YLYMLAR UNIWERSITETINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Awstriýa Respublikasynyň IMC Krems amaly ylymlar uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.
Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Halkara okuw-ylmy merkeziniň wekilleri gatnaşdy.
Gepleşikleriň barşynda taraplar saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary barada pikir alyşdylar. IMC Krems amaly ylyml...
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDATELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Birek-biregi Gurban baýramy bilen gutlap, iki dostlukly goňşy döwletleriň Baştutanlary türkmen we eýran halklaryna bagt we abadançylyk arzuw etdiler.
Bellenilişi ýaly, dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda bolsa, ýakyn goňşulary bilen dostlukly we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN KATAR DÖWLETINIŇ EMIRI HYZMATDAŞLYGYŇ OŇYN GELJEGINI TELEFON ARKALY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutladylar hem-de bu nurana baýramyň bütin dünýäde ösüşi, parahatçylygy dabaralandyrjakdygyna, raýdaşlygy berkitjekdigine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Emiri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýo...
Türkmenistan — BMG-niň Çagalar gaznasy: ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk
BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň wideogörnüş arkaly geçiren iki günlük maslahatynda BMG-niň çaganyň hukuklary boýunça komitetine nobatdaky Milli çykyşynyň taýýarlanylmagyna goldaw bermek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Onuň işine Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalary ýerine ýetirmek babatda Pudagara toparynyň bilermenler iş toparynyň düzümine girýän ministrlikleriň, döwlet hem-de jemgyýetçilik edaralary...
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/62523TÜRKMENISTANYŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSÝÄR
2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi.
Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) wekiliýetine BSG-na agza bolmak departamentiniň direktory hanym Maýka Oşikawa...
TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN ÖZARAGATNAŞYKLARYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň we Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda öz kärdeşini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy dostlukly azerbaýjan halkynyň bähbidine gönükdirilen işinde uly üstünlikleri we ýokary netijeliligi arzuw etdi.
Ministrler şeýle-de Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky syýasy-diplomatik,...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de belent ruhy gymmatlyklaryň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we sahawatlylygyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramyň mundan beýläk hem tutuş musulman ymmatynda agz...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik gecirildi.
Birek-biregi mukaddes Gurban baýramy bilen gutlap, musulman ymmaty we tutuş adamzat üçin ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we özara goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri özünde jemleýän bu nurana baýramyň bolçulyk eçiljekdigine, iki goňşy döwletiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdigin...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Taraplar türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýandygyny, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bol...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN SAUD ARABYSTANYNYŇ PATYŞASYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2020-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman Ben Abdelaziz Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Türkmenistanyň Baştutany we Saud Arabystanynyň Patyşasy ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de haýyr-sahawatlylygyň nyşany bolan ähli musulmanlar üçin mukaddes Gurban baýramy bilen birek-biregi mähirli gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystan...