Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS UGURLARY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGIŇ BARŞYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň hem-de A.Kamilowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.
Şöhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, şu ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşyklarynyň dowamynda berilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn ähmiýet berildi.
Şu nu...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň özüniň ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy wezipesinde Türkmenistandaky işini tamamlaýan Ilçi Natalýa Drozd bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň derwaýyslygy bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ÝHHG bilen ylalyşykda Ýörite meýilnama kabul edilýär, onda ÝHHG-...
DAŞARY IŞLER MINISTRI UKRAINANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISINI KABUL ETDI
2021-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri we öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilşi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu nukdaýnazardan, giň gerimli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen iş ýüz...
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon gepleşigini geçirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ministrler Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.
Taraplar şeýle-de hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary b...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 4-nji maýynda TDIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşygy geçirildi.
Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny» atly kararnamasy esasynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin...
TÜRKMENISTANYŇ DIM ABŞ-NYŇ ILÇIHANASY BILEN BILELIKDE FOTOSERGI GURNADY
2021-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy” maksatnamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan fotosergi gurnaldy.
Çärä Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Medeniýet ins...
АКТУАЛЬНЫЕ ВОПРОСЫ ТУРКМЕНО-ТАДЖИКСКОГО СОТРУДНИЧЕСТВА ОБСУЖДЕНЫ В ХОДЕ ТЕЛЕФОННОГО РАЗГОВОРА
Сегодня, 5 мая состоялся телефонный разговор Министра иностранных дел Туркменистана Р.Мередова с Министром иностранных дел Республики Таджикистан С.Мухриддином.
В ходе беседы стороны обсудили актуальные вопросы двустороннего сотрудничества.
В данном контексте были обсуждены возможности проведения политических консультаций между министерствами иностранных дел двух стран. Стороны рассмотрели также вопросы проведения в 2021 году заседания Межправительственный комиссии. Было предложено внесени...
TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER
2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, ukrain tarapyna bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary E.W.Ýenin ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2020-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde guralan geňeşmeleriň barşynda tar...
BILIM WE YLYM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Italiýa Respublikasynyň Uniwersitetler we barlaglar ministri Kristina Messa bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda ýetilen ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny, şeýle-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen hyzma...
TÜRKMENISTANYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2021-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Gepleşigiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen bagly birnäçe meseleleleri ara alyp...