Tapylan netije sany: 8961
AŞGABADYŇ WE ONUŇ DOSTLUKLY-DOGANLYKLY ŞÄHERLERINIŇ HÄKIMLERINIŇ HALKARA MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda gibrid formatda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanan Aşgabat şäheriniň we onuň dostlukly-doganlykly şäherleriniň häkimleriniň halkara mejlisi geçirildi.
Çäräni Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory P.Orazow açdy.
Ählilere işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ýa.Gylyjow Türkmenistanyň paýtagtynyň dostlukly, myhmansöýer, binagärlik nukd...
ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA MILLI HEREKET MEÝILNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGI MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2021-nji ýylyň 20-nji maýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky ýygnagynda Türkmenistanyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistantň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen tassyklanan Adam hukuklary babatynda Milli Hereket meýilnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi.
Beýannamada resminamanyň Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek we goramak boýunça döwlet ulgamyny güýçlen...
TÜRKMENISTANYŇ ÝITI ÝOKANÇ KESELE GARŞY TAÝÝARLYGYNY WE DESSIN ÇÄRELERIŇ GÖRÜLMEGINI ÜPJÜN ETMEGIŇ MEÝILNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2021-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde şu ýylyň 16-njy aprelinde tassyklanan Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, ýurdumyzyň beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, şeýle-de Türkm...
TÜRKMENISTAN BILEN KONGO RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝULDY
2021-nji ýylyň 21-nji maýynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Kongo Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
Gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýew Kongo Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Dawid Maduka bilen gepleşik...
“TÜRKMENISTAN-ABŞ” IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ ÇÄKLERINDE ÖŇDEBARYJY AMERIKAN KOMPANIÝALARYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYKLAR
Şu gün, 21-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuard hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Klimow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Şeýle-de duşuşyga öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň, hususan-da “S2 Global/Rapiscan”, “Visa”, “Westport Trading Ltd” we “Boeing” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen tarapyndan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY KITABYNYŇ RUS DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2021-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy.
Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýurdumyzda işleýän ilçihanalaryň we halkara guramlaryň wekil...
TÜRKMENISTAN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SEBITLERI BILEN ÖZARA HEREKETLERINI IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
Şu gün, 23-nji maýda türkmen paýtagtynda Türkmenistana sapar bilen gelen Sankt-Peterburgyň Daşary aragatnaşyklar Komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew we «Wozroždeniýe» Taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň» ýolbaşçysy I.Bukato bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.Berdimuhamedow gatnaşdylar.
Işjeň ge...
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA «AK ŞÄHERIM AŞGABAT» ATLY XX HALKARA SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün, 24-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara sergisi öz işine başlady.
Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan halkara ähmiýetli bu çäre türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanandyr.
Köpugurly serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Milli Geňeşiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar we paýtagtyň köpsanly jemgyý...
TÜRKMENISTAN ÝEWRAZIÝA PATENT GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRÝÄR
Şu gün, 2021-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewraziýa patent guramasynyň (ÝPG) Ýewraziýa patent edarasynyň prezidenti Saule Tlewlesowa bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewraziýa patent guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň ÝPG-niň işjeň gatnaşyjylarynyň biri bolup durýandygy we bu guramanyň esasy resminamasyna – Ýewraziýa Patent Konwens...
ALBUKERKE ŞÄHERINDE 25-NJI MAÝYŇ «DOGAN ŞÄHER AŞGABAT ŞÄHERINIŇ GÜNI» DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygynyň bellenýän gününi, ýagny 2021-nji ýylyň 25-nji maýyny Albukerke şäherinde «Dogan şäher Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stol geçirildi. Bu çäre Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen guraldy.
Tegelek stola Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institut...