Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMEN-OWGAN SERHEDINDÄKI GGN-LARYNYŇ BÖKDENÇSIZ IŞI ÜPJÜN EDILÝÄR
Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär.
Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri göýberilýär.
Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden göýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär.
Şu nukdaýnazardan, owgan tarapynyň Owgany...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 28-nji awgustda Daşary ýurtlaryň käbir köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasynyň binasynyň golaýynda partlaýjy enjamlar ýüze çykarylan daşary ýurt raýatlarynyň tussag edilendigi barada howaýy maglumat peýda boldy.
Şunuň bilen baglylykda, Ilçihana ýokarda beýan edilenler babatynda onda haýsydyr-bir maglumatlaryň ýokdugyny habar berýär.
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARYŇ PARAHATÇYLYK ÝOLLARY BILEN KADALAŞDYRYLMAGY UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR
29-njy awgustda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda, Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigi aýratyn bellenildi.
Türkmenistan hereket edýän şertnamalara laýyklykda, goňşy döwlete elektrik energiýasyny ibermegini dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik energiýasy Owganyst...
TÜRKMENISTAN GÖZEGÇILIK-GOÝBERIŞ NOKATLARYNYŇ TALABALAÝYK IŞLEMEGINI ÜPJÜN ETMEK BABATDA OWGAN TARAPY BILEN IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK EDÝÄR
2021-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn dolandyryş we harby edaralarynyň wekilleri Owganystanyň Farýab welaýatynyň ygtyýarlandyrylan wekilleri, hususan-da, Andhoý, Hançarbag, Gurgan etraplarynyň häkimleri hem-de Akina gümrük nokadynyň başlygy bilen duşuşdylar.
Taraplar serhetýaka sebitlerde serhet, gümrük we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça wezipeleriň ýerine ýe...
TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün, 30-njy awgustda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle-de migrasiýa meselelerine jogapkär guramalarynyň wekilleriniň owgan meselesi boýunça onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşyk awstriýa tarapynyň başlangyjy bilen guraldy we oňa Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri ministri Aleksandr Şallenberg hem-de Awstriýanyň Içeri işler ministri Karl Nehammer wekilçilik etdiler.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Owgany...
DEMIR ÝOLUŇ GURLUŞYGY DIKELDILDI
2021-nji 30-njy awgustynda Owganystandaky «Аkina-Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeldildi.
Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 6-njy iýunynda «Kerki-Ymamnazar-Аkina-Аndhoý» demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Owganystanyň «Akina-Andhoý» beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirildi.
Häzirki döwürde bu meýdançada tehniki-gurnama işleri alnyp barylýar we olaryň ýakyn wagtda...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 76-NJY MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN GARAÝYŞLARY
Giriş
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisine dünýäniň gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy gorap saklamak hem-de berkitmek işinde BMG-niň esasy we utgaşdyryjy ornuny tassyklamak, Durnukly ösüş maksatlaryny doly möçberde amala aşyrmak boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmek işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýar. Baş Assambleýanyň öňde boljak mejlisiniň barşynda Türkmenistan öz işinde Bit...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILLERI IKITARAPLAÝYN IŞJEŇ GATNAŞYKLARY SAKLAÝARLAR
2021-nji ýylyň 31-nji awgustynda «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokadynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga şeýle-de iki ýurduň bank-maliýe we lukmançylyk edaralarynyň, beýleki ugurdaş hem-de harby düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki hereket edýän sanitar-epidemiologiki kadalarynyň nazarda tutulmagy bilen, serhetýaka zolaklarynda serhet, gümrük we fito-sanitar gözegçiliginiň amala aşyrylmagy bile...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI UGRATDY
2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu bolsa goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji üpjünçiligi bolup durýandyr.
Dostlukly halkyň zerurlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen, derman serişdeleriniň, lukmanlar üçin gorag eşikleriň we lukmançylyk esbaplarynyň, zyýansyzlandyryjy serişdeleriň, dermanlyk erginleriniň, gorag agyz-burun örtükle...
TÜRKMENISTANYŇ WE BAE-NIŇ WEKILLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERINI KÄMILLEŞDIRÝÄRLER
2021-nji ýylyň 29-njy awgusty 2-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolýar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň Aziýa ýurtlary boýunça orunbasary, Döwlet...