Tapylan netije sany: 8961
KHBS BOÝUNÇA 23-NJI MERKEZI AZIÝA MASLAHATY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 9-10-njy sentýabrynda Daşkent şäherinde onlaýn hem-de göni gatnaşyk görnüşinde ÝHHG-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa boýunça 23-nji maslahaty geçirildi. Nobatdaky duşuşygyň temasy «Merkezi Aziýada KHBS-leriň jemgyýetçilik ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy» boldy.
Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Mongoliýadan hökümete, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, raýat jemgyýetine hem-de ylmy b...
«BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ WE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY REZOLYUSIÝASY KABUL EDILDI
2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň teklibi bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly kararnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji plenar mejlisinde BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan bir agyzdan kabul edildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmegiň çäklerinde, şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda bu guramanyň döwlet Baştutanlarynyň...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY AÝLAG HYZMATDAŞLYK GEŇEŞI BILEN ÖZARAGATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGI MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretariýatynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Er-Riýad şäherindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileriniň Geňeşiň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we gepleşikler boýunça orunbasary bilen duşuşygy geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatlary Geňeş bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol sanda, taraplaryň bar bola...
ŽENEWADA OWGANYSTANDAKY YNSANPERWERLIK MESELELERI BOÝUNÇA MINISTRLER DEREJESINDE MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Ženewada gibrid görnüşde Owganystanda ynsanperwer meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Ýokary derejeli maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dostluk ýörelgelerine esaslanmak bilen, ýakyn ýerleşen ýurtlara, şol sanda Owganystana ulgaml...
TÜRKMENISTANYŇ WE GFR-NYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Daşary işler ministri Haýko Maas bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.
Ministr raýatlarynyň Owganystandan guramaçylykly çykarylmagy maksady bilen, howa gämileriniň uçuşlarynyň üpjün edilmegi meselesinde hyzmatdaşlyk saklandygy üçin german hökümetiniň adyndan Türkmistana çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Şunlukda, Türkmenistan tarapyndan öz howa giňişliginiň ulan...
SUW HOJALYK MESELELERI BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ÖZBEK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Daşkent şäherinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisi geçirildi.
Hökümetara toparynyň mejlisinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.Orazgeldiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ş.Ganiýew başlyklyk etdiler.
Mejlisiň barşynda suw hojalyk desgalaryny ulanmak we Amyderýanyň suw serişdelerinden peýdalanmak boýunça hyzm...
DAŞKENTDE BILELIKDÄKI HÖKÜMETARA TÜRKMEN-ÖZBEK TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagtynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-özbek toparynyň on altynjy mejlisi geçirildi.
Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Özbek wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbas...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
17-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Dostlukly döwletleriň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli görşüp, ýene-de duşuşmaga hem-de ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga dörä...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde döwletara syýasy-diplomatik, ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýändigin...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ŞHG-NIŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň uçary Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gonýar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz ŞHG-niň sammitiniň geçirilýän...