Tapylan netije sany: 8961
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Gazagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara Türkmenistanyň alada bilen seredýändigi barada habar berýär.
Köpasyrlyk dostluk, doganlyk we hoşiýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de strategiki hyzmatdaşlygyny nazarda tutup, ýurtdaky dowam edýän ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagyna, Gazagystanyň mundan beýläk hem durnukly syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşine çuňňur gyzyklanma bildirýär.
Paýhas, öňdengörüjilik, ata-babalaryň d...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY IBERDI
2022-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewa gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany soňky günlerde bolup geçen pajygaly wakalaryň köp adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi bilen baglylykda K.Tokaýewa hem-de ähli Gazagystanyň halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi.
Gurban bolanlaryň ähli dogan garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, şeýle hem öz adyndan...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY GEPLEŞIK
Şu gün, 10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geçen ýylyň dekabrynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen, GDA-nyň resmi däl Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegini ara alyp ma...
СОСТОЯЛАСЬ ВСТРЕЧА МИНИСТРОВ ИНОСТРАННЫХ ДЕЛ ОРГАНИЗАЦИИ ТЮРКСКИХ ГОСУДАРСТВ
Сегодня, 11 января, состоялась внеочередная онлайн-встреча Министров иностранных дел Организации тюркских государств, в котором принял участие Заместитель Председателя Кабинета Министров, Министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов.
Р.Мередов, выступая на встрече, отметил значение Саммита Организации тюркских государств, состоявшегося в Стамбуле 12 ноября 2021 года.
В этой связи, было отмечено, что Президент Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов в своём выступлении на Саммите под...
TÜRKMENISTANA OWGANYSTANYŇ WEKILIÝETI SAPAR BILEN GELDI
2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi.
15-nji ýanwarda, Aşgabada saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň arasynda dar düzümdäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda iki doganlyk döwletiň DIM-leriniň ýolba...
TÜRKMEN-ÖZBEK DIMARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
Şu gün, 17-nji ýanwarda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Norow ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň depgini barada nygtamak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňe gitmeginde ýokary derejedäki ga...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETI ÖZBEGISTANA SAPARY AMALA AŞYRDY
2022-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi.
Duşuşygyň başynda S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti G...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gepleşigiň dowamynda ministrler şu ýylyň 22-23-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 48-nji mejlisine görülýän taýýarlyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdyl...
METBUGAT ÜÇIN HABAR
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankar bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine hem-de çuňlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýändiklerini nygtadylar. Şeýle...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda diplomatlar şu ýylyň 25-nji ýanwarynda geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» onlaýn-sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýokarda görkezilen Forumyň barşynda Döwlet Baştutanlary tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň hem-de gazanylan ylalaşyk...