Tapylan netije sany: 8961
METBUGAT ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Merdowyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimouň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler.
Şeýle hem diplomat...
TÜRKMEN-RUMYN DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA ONLAÝN GÖRNÜŞDE GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi.
Geňeşmelerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, rumyn tarapyna bolsa Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Danut Sebastian Nekulaesku ýolbaşçylyk etdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ýurtlaryň türkmen-rumyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyk...
BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TATAR IŞ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GECIRILDI
2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Mejlise Iş toparynyň türkmen we tatarystan düzümleriniň agzalary hem-de degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Iş toparyň türkmen böleginiň başlygy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, tatar böleginiň başlygy RF-nyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-minis...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTIŇ KOREÝ DILINDÄKI KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaktorlary we žurnalistleri, şeýle-de göni wideoaragatnaşyk arka...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Gazagystanyň Daşary işler ministri M.B.Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň çygrynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu nukdaýnazardan, tarapl...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 9-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ysraýyl Döwletiniň Syýahatçylyk ministri Ýoel Razwozow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.
Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny, hususan hem ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Lukmançylyk we saglygy goraýyş, oba hojalygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, tehnologiýa we ylym, şonuň ýaly-da syýahatçylyk we bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary h...
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar....
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY ÇÖZGÜTLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň çäklerinde gazanylan taryhy çözgütlere bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Öz çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlyg...
TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.
Şu ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygyny bellenilip geçildi.
Şunuň bilen baglylykda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary birek-birege gutlaglaryny beýan etdiler.
Ministrler...
TÜRKMENISTANYŇ BSG-NA AGZA BOLMAGY BILEN BAGLY MESELELERIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) bilen bilelikde BSG-na agza bolmak hereketleri we Söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi boýunça BSG bilen Ylalaşyk boýunça geňeşme duşuşygy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.
Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunba...