Tapylan netije sany: 8961
Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň täze ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
Ilki bilen, diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Gruziýanyň Prezidentiniň mähirli salamyny ýetirdi.
Bellenilişi ýaly, Gruziýa Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna ýokary baha berýä...
Serdar Berdimuhamedow Rişi Sunaky Premýer-ministr wezipesine girişmegi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan jenap Rişi Sunaka Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
— Biz Türkmenistan bilen Birleşen Patyşalygyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklarymyza ýokary baha berýäris — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda belleýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tag...
TÜRKMEN WEKILIÝETI «MERKEZI AZIÝA - KOREÝA RESPUBLIKASY» IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ 3-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» formatynyň Işewürler geňeşiniň nobatdaky 3-nji mejlisine gatnaşdy.
Bu mejlise şeýle hem, Koreýanyň halkara söwda Assosiasiýasynyň (KITA), Koreýanyň importýorlarynyň Assosiasiýasynyň (KOIMA), Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Söwda-sena...
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» halkara maslahaty geçirilýär
Düýn günüň ikinji ýarymynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022» halkara maslahaty öz işine başlady.
Forumyň birinji gününde «Energiýanyň geljegi: täze howplar we mümkinçilikler» atly mowzukdaky umumy mejlisde we birinji mejlisde 15-den gowrak çykyş diňlenildi.
«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, forumda edilen çykyşlarda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, buraw gurmak, önümçiligi höweslendirmek, sanly tehnologiýalar, gaýtadan dikeldilýän çeşmeler, wodorod tehnologi...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE COP26-NYŇ SEBITLEÝIN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Aşgabada Howa boýunça ýaşlaryň maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen gelen COP26-nyň Ýewropada, Merkezi Aziýada, Türkiýede we Eýranda sebitleýin Ilçisi Dewid Moran bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygy ugurlarynda netijeli halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdyla...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ GEŇEŞINIŇ 54-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň 54-nji mejlisine we Assambleýanyň çäklerinde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde saparda boldy.
Assambleýanyň umumy mejlisini GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň...
Astanada "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" Sammiti geçirildi
2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" liderleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldymyradow weÝewropa Geňeşiniň Prezidenti Şarl Mişel g...
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistanyň Senatynyň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi amala aşyryldy
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Muhammad Sadik Sanjarani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Türkmen-päkistan parlamentara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň...
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň Beýannamasy
Soňky wagtlar Ukrainanyň käbir köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanda "hukuk goraýjy edaralaryň kömegi bilen penitensiar edaralarynda Ukrainadaky söweşlere gatnaşdyrmak üçin bikanun mobilizasiýa amala aşyrylýar" diýen maglumatlar peýda bolýar.
Mundan başga-da, käbir ukrain harby bilermenleri “Youtube” kanallarynda Türkmenistanyň çäginiň Owganystanda hakyna tutulan harbylar üçin üstaşyr geçelge hökmünde ulanylýandygy baradaky maglumaty ýaýradýarlar.
Türkmenistanyň Ukrainada...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ AGZA ÝURTLARYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ 21-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) agza ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly 21-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylygynda geçirilip, ony Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Ketsýan alyp bardy.
Duşuşyga ŞHG-nyň agza döwletleriniň we synçy ýurtlaryň hökümet baştutanlary we wekilleri, ŞHG-nyň Baş sekretary, ŞHG-nyň Terrorçylyga garşy gurluşynyň ýerine ýetiriji komitetiniň müdiri, ŞHG-nyň Işew...