Tapylan netije sany: 8961
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN BOLAN DUŞUŞYK HAKYNDA
2022-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşdy.
Duşuşykda, şu ýylyň ahyrynda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky 26-njy mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň baştutanlygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwl...
TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NYŇ GURLUŞLARYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-nyň sebit agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy gibrid görnüşde geçirildi.
Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatlaryny Utgaşdyryş Müdirliginiň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory G. Ýop-Son, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň başlygy N. German, ÝUNESKO Klasteriniň Tährandaky edara müdiri G. El Hury, BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary K...
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ ÝOKARY ORDENI» BILEN SYLAGLANMAGY
Sammitiň işi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany «Türki dünýäsiniň ýokary ordeni» bilen sylaglamak, şeýle hem gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowy Türki döwletleriň guramasynyň «Türki dünýäsiniň jebisligi üçin» Alişer Nowaýy adyndaky halkara baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary tasynda Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeş...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklardaky işleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bi...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz we türk Lideri mähirli salamlaşyp, birek-biregi Türki dünýäsiniň ýokary ordeni bilen sylaglanylmagy bilen gutladylar. Munuň özi täze taryhy eýýamda türki dilli halklaryň arasyndaky köpasyrlyk...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyrylan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirip, gyrgyz Lideri bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem-de ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahat...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda özbek Lideri hormatly Arkadagymyzy türki döwletleriň ýakynlaşmagy we gülläp ösmegi ugrundaky işde goşan ägirt uly goşandy nazara alnyp berlen ýokary sylag bolan Türki dünýäsiniň ýokary...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilýän mejlisine gatnaşdy.
Samarkant şäheriniň şu gezekki duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Özbegistan Respublikasynyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDILER
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyna Stambulda bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna, şikes ýetmelere we ejir çekmelere getirendigi zerarly gynanç hatlaryny iberdiler.
Türkmenistanyň DIM-niň
Metbugat gullugy
14.11.2022
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ ZÄHMET STANDARTLARY DEPARTAMENTINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmet standartlary Departamentiniň Direktory hanym Korin Warganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda HZG-nyň agzasy bolmak bilen Türkmenistanyň hemme raýatlar üçin mynasyp iş we sosial adalat üçin şertler döretmek syýasatynda ygrarlydygy bellendi.
Taraplar Türkmenistanyň halkara konwensiýa...