Tapylan netije sany: 8961
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞMAGY
2023-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Daşkende, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (ECO) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Geňeşiniň (CMFA) 26-njy mejlisine gatnaşdy.
Bu çärä agza döwletleriň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary, sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, ýöriteleşdirilen edaralar, sebit institutlary we ECO-nyň degişli guramalary gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar söwda, maýa goýumlary, ýaşyl ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, energeti...
TÜRKMENISTAN WE AZERBAÝJAN HAZAR DEŇZINIŇ DÜÝBÜNI ÇÄKLENDIRMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2023-nji ýylyň 24-25-nji ýanwarynda Aşgabatda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetine Hazaryň institutynyň direktory, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ýörite wekili M.Atajanow, Azerbaýjanyň wekiliýetine - Daşary işler ministriniň orunbasary, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Serhetler we Hazar deňzi boýunça ýörite wekili ýolbaşçylyk etdi H.H...
TÜRKMENISTAN BILEN GERMANIÝANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER
2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde nobatdaky türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Taraplaryň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew hem-de Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça wekili Mattias Lýuttenberg ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň içerki syýasy ýagdaýlary barada pikir alşyldy, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähl...
DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA 2023-NJI ÝYLYŇ “DIALOG PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI HÖKMÜNDE HALKARA ÝYLY” DIÝLIP YGLAN EDILMEGINE BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2023-nji ýylyň “Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan resmi çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gurnamagynda gibrid görnüşde geçirildi.
Maslahata BMG-niň esasy edaralarynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, BMG agza ýurtlaryň, halkara we sebit guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň wekilleri, şeýle hem Tür...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BEÝANNAMASY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda bolup geçen, Ilçihananyň goragyna degişli bolan bir işgäriniň ýogalmagyna we iki işgäriniň ýaralananmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümi ýazgarýar.
Türkmenistan diplomatik wekilhanalara edilýän hüjümleriň we diplomatik edaralaryň işgärlerine garşy islendik zorlugyň ulanylmagyna ýol berilmeli däldigini nygtaýar.
Türkmenistanyň Daşary işler mi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan täjik kärdeşini hem-de onuň üsti bilen Täjigistanyň doganlyk...
HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI
2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda Daşary işler ministrliginde Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow hem-de birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda Hökümetara toparyň geçen 2022-nji ýyl boýunça işiniň netijelerine seredildi. Gatnaşyjylar 2023-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny ara alyp maslahtlaşdylar we işiň iler...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ASTANA HALKARA MALIÝE MERKEZINIŇ ÝAŞYL MALIÝE MERKEZINIŇ BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W. Hajyýew iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Astana Halkara Maliýe Merkeziniň (AIFC) Ýaşyl maliýe merkeziniň baş direktory Aýdar Kazybaýew bilen duşuşyk geçirdi.
AIFC wekiliýetiniň Aşgabat şäherine sapary Gazagystanyň başlangyjy bilen gurnaldy. Merkeziň ileri tutýan maksady, deňagramly maýa bazaryny ösdürmek we häkimliklere we beýleki döwlet edaralaryna...
AŞGABATDA TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGY BELLENILDI
2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda paýtagtymyzyň “Daşkent” seýilgähinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi wekilleri, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de döredijilik işgärleri, Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik korpusyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Pudagara toparyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýl...