Tapylan netije sany: 8961
ÝUNOPS BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň direktory hanym Freýa fon Groote bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, taraplar halkara gün tertibind...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGYNYŇ ÝEWROPA PARLAMENTINIŇ AGZALARY BILEN DUŞUŞYGY
2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tomaş Zdehowskiý bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm gural bolup hyzmat edýän parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar B...
TÜRKMENISTANDA SLOWAKIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Boreskiden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Dostlukly ýurduň ilçisi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildi...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NYŇ BAŞ EDARASYNDA TERRORÇYLYGA GARŞY ÝOKARY DEREJELI HEPDELIGE GATNAŞÝAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 19-20-nji iýunynda Nýu-Ýorkda Terrorçylyga garşy ýokary derejeli hepdeligiň çäginde geçiriljek çärelere gatnaşýar.
19-njy iýunda wekiliýetiň ýolbaşçysy esasy çäräniň ikinji mejlisinde - BMG-a agza ýurtlaryň Terrorçylyga garşy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisinde çykyş etdi.
W.Hajiýew öz çykyşynda Merkezi Aziýada Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýany durmuşa geçirmek ü...
TÜRKMENISTAN BILEN YSRAÝYLYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRILEN TELEFON GEPLEŞIKLER BARADA
Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koen bilen telefon söhbetdeşligi geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerine seredildi.
Hususan-da, taraplar iki ýurduň işewürler birleşikleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak arkaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.
Türkmen tarapy köptaraplaýyn meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-...
PRESS RELEASE CONFERENCE ON THE OCCASION OF RECEIVING AS A GIFT OF A TWO-VOLUME PUBLICATION “DIVANS OF MAGTYMGULY FRAGI’S POEMS”
On June 20, 2023, a solemn conference was held at the Magtymguly Fragi Institute of language, literature and national manuscripts of the Academy of Sciences of Turkmenistan on the occasion of receiving a gift to the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov on behalf of the Supreme Leader of the Islamic Republic of Iran Ayatollah Ali Khamenei two-volume edition in Farsi "Divans of Magtymguly Fragi's verses".
The conference...
Ukrainanyň ““Bereginýa” Nadežda Wowk Haýyr-sahabat gaznasy” haýyr-sahabat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk we hoşallyk hatlaryň gowşurylyşy barada
23.06.2023ý. Ilçihanada ““Bereginýa” Nadežda Wowk Haýyr-sahabat gaznasy” haýyr-sahabat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Gaznanyň direktory N.Wowk Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ukrain halkynyň çagalaryna edilen haýyr-sahabat kömegi mynasybetli Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atlaryna hoşallyk hatlaryny gowşurdy. N.Wowk türkmen ynsanperwer kömeginiň D...
https://ukraine.tmembassy.gov.tm/tk/news/118001SUW BAÝLYKLARYNDAN TYGŞYTLY PEÝDALANMAK BOÝUNÇA MASLAHAT BARADA KHBS ÜÇIN HABAR
2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabatda gibrid görnüşinde “Sebitde suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmak boýunça çäreler üçin maliýe we maýa goýum goldawy” atly maslahat geçirildi.
Foruma Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň degişli pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-nyň Taslama hyzmatlary edarasynyň Awstriýadaky köp ýurtly edarasynyň müdiri, BMG-nyň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň suw baýlyklary boýunça milli dialo...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETINIŇ BAE SAPARY TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň çäginde Emirlikleriň Strategiki gözleg we ösüş merkeziniň baş direktory doktor Soltan Mohammed Al Nuaimi bilen gepleşikler geçirildi.
Duşuşykda türkmen diplomaty Türkmenistanyň BAE bilen doganlyk we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny belläp, türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga umyt bildirdi.
Soňra tanyşdyryly...
TÜRKMEN-ITALÝAN DIM-ARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça Baş departamentiniň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy, Ilçi Janluka Grandiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleler, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ösüşiniň mümkinçilikleri barada piki...